Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Şu günler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky we olaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça komitetiň (CEDAW) nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşýar.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary şöhlelendirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän şu ýylyň ýanwar aýynda duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, söhbetdeşlikler, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki maslahatlar yzygiderli geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda degişli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna, ulanmaga tabşyrylmagyna, degişlilikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik ederler.
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi we ýaýradyldy. Resminama Baş Assambleýanyň mejlisiniň gün tertibiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak», «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly bölümleri boýunça çap edildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.