Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesinden boşatmaly.
Mülkaman Gulnepesowiç Öwezliýewi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýewi Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Goçmyrat Baýramgeldiýewiç Ataýewi Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanowy “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemeli.
Nurmuhammet Arslanowiç Berdiniýazowy “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellemeli.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leszä hem-de ýurduň dostlukly halkyna täze ýylyň we tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolan Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli dostlukly halkyna Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atamyrat Halmyradowiç Durdyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Şu gün Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Maslahata Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar.