Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk. Şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilip geçiler. Beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat bilen, şeýle hem halkymyzyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda çap edilen makalalar giň okyjylar köpçüligini ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynda bolup geçen esasy wakalar bilen tanyşdyrýar.
Täze ýyl mynasybetli gutlaglarymyzy we iň gowy arzuwlarymyzy kabul ediň!
Kerman şäherinde bolup geçen hem-de köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hadysa zerarly Siziň Alyhezretiňiziň iberen hatyňyzda beýan eden gynanjyňyz we duýgudaşlyk sözleriňiz üçin hoşallygymy bildirýärin.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda «Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň» binasynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Ilki bilen, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we berkitmäge goşýan şahsy goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Siziň Özbegistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karary kabul etmegiňiz hem bu ugurdaky tagallalaryňyzyň aýdyň subutnamasydyr.