Baş sahypa
\
\
«Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li bo­ýun­ça me­dia­fo­rum
«Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li bo­ýun­ça me­dia­fo­rum
Çap edildi 05.08.2018
4266

Aş­ga­bat­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça Azi­ýa oýun­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len ýe­ri bo­lan Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň “Sport” myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nan me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Çä­rä şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek aw­to­mo­bil ýa­ry­şy­ny gu­raý­jy­lar hem-de oňa gat­na­şy­jy­lar, iri da­şa­ry ýurt we mil­li ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne Rus­si­ýa­dan, Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan, Ita­li­ýa­dan, Awst­ri­ýa­dan, Şweý­sa­ri­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Hy­taý­dan, Hin­dis­tan­dan, Pa­kis­tan­dan Tür­ki­ýe­den, Be­la­rus­dan, Azer­baý­jan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan we Gyr­gy­zys­tan­dan ge­len žur­na­list­ler we­kil­çi­lik et­di­ler. Fo­ru­myň açyl­ma­gy­nyň öň ýa­nyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş­jeň gat­na­şan saý­la­ma ýa­ryş­la­ry hem-de sy­nag ýa­ryş­la­ry ha­kyn­da wi­deo­film gör­ke­zil­di. Mil­li Li­de­ri­miz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň wa­gyz edi­ji­si bol­mak bi­len bir­lik­de, dür­li sport gör­nüş­le­rin­de, şol san­da aw­to­mo­bil spor­tun­da ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri ga­za­nan gör­nük­li tür­gen­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň baş sek­re­ta­ry A.My­ra­dow gi­riş sö­zün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­me­giň bar­şy ha­kyn­da gür­rüň ber­di. Ol şu ýy­lyň 9 — 14-nji sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek bu çä­rä­niň ýur­du­my­zyň spor­tu­nyň ösü­şi­niň ta­ry­hy­na tä­ze sa­hy­pa­ny ýaz­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­mek bi­len, meş­hur “Af­ri­ca Eco Race” aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­nyň baş di­rek­to­ry we gu­ra­ma­çy­sy Žan-Lui Şles­se­re söz ber­di. Sport dün­ýä­sin­de sport aw­tou­lag­la­ry to­pa­ryn­da aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­niň bir­nä­çe ge­zek çem­pio­ny, “Pa­riž — Da­kar” ral­li­si­niň iki ge­zek ýe­ňi­ji­si Žan-Lui Şles­ser dün­ýä­niň sport to­par­la­ryn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek hal­ka­ra aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek we şo­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­re gat­naş­ma­ga ça­ky­lyk üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di. “Şu­nuň ne­ti­je­sin­de men aja­ýyp mak­sat bi­len bir­le­şen tä­ze dost­la­ry edin­dim, bu mak­sat aw­to­mo­bil spor­tu­ny di­ňe si­ziň ýur­du­ňyz­da däl, eý­sem, onuň çäk­le­rin­den alys­lar­da hem ýaý­ma­ga kuw­wat­ly iter­gi be­rer” di­ýip, iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ň gu­ra­ma­çy­sy we ta­ny­mal tür­gen bel­le­di. Ol: “Uç-gy­rak­syz Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň içi bi­len geç­jek hal­ka­ra aw­to­ral­li­­niň bi­le­lik­dä­ki gu­ra­ma­çy­sy bol­mak me­niň üçin we bi­ziň to­pa­ry­myz üçin uly hor­mat­dyr” di­ýip bel­le­di. “Biz il­ki­baş­da şeý­le ge­rim­dä­ki ýa­ryş­la­ry gys­ga döw­rüň için­de taý­ýar­la­mak we­zi­pe­si çyl­şy­rym­ly we kyn bo­lar di­ýip ha­sap­la­dyk. Em­ma türk­men to­pa­ry bi­len bi­le­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­dent Gurbanguly Berdimuhamedowyň şah­sy gö­rel­de­sin­den ruh­la­nyp, biz şu gü­ne çen­li ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­gy ba­şar­dyk”. Žan-Lui Şles­ser “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­ni ge­çir­mek yg­lan edi­len­den soň, bu ýa­ryş­lara tür­gen­le­riň örän köp ­san­ly­sy­nyň is­leg bil­di­ren­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu bol­sa meş­hur tür­gen­le­riň di­ňe bir bu ýa­ry­şa ýo­ka­ry gy­zyk­lan­ma­sy­ny däl, eý­sem, si­ziň aja­ýyp ýur­du­ňy­zyň gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri­ni gör­mä­ge tüýs ýü­rek­den uly is­leg­le­ri­niň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýär» diý­di. Ulag ýa­ryş­la­ry ga­dym­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ge­çen ug­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň gün­do­ga­ryn­dan gün­ba­ta­ry­na ta­rap ge­çer. Çö­lüň giň säh­ra­lyk­la­ryn­dan geç­jek ýo­luň umu­my uzyn­ly­gy 1500 ki­lo­metr­den gow­rak­dyr. Bu bol­sa aja­ýyp ral­li üçin ýo­ka­ry de­re­je­de la­ýyk gel­ýär. Uly us­sat­lar üçin bu ýa­ryş­lar öz güýç­le­ri­ni, aý­ra­tyn kyn şert­ler­de ula­gy sür­mek­de emel­le­ri­ni hem-de na­wi­ga­si­ýa ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­me­giň ha­ky­ky sy­na­gy­na öw­rü­ler. Žan-Lui Şles­se­riň dü­şün­di­ri­şi ýa­ly, ýa­ry­şyň ugur­la­ry 5 tap­gy­ra bö­lün­di we tiz­lik­li bö­le­giň her bi­ri ula­gy do­lan­dy­ry­jy hem-de to­pa­ryň ştur­ma­ny üçin köp ­san­ly ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­la­ry giz­le­ýär. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, Ga­ra­gum säh­ra­sy tas­la­ma­nyň ýü­re­gi bo­lup, ha­ky­ky baş­dan ge­çir­me­le­ri göz­le­ýän­le­re uly tej­ri­be ba­gyş­lar. Türk­men çö­li Af­ri­ka­nyň çö­li ýa­ly bir­sy­dyr­gyn däl­dir we is­len­dik ada­my haý­ran gal­dy­ryp bil­jek üýt­ge­şik tä­sir­le­ri bol­luk bi­len eçil­ýär, çün­ki bu ada­myň ho­ja­lyk işi­niň tä­si­ri­ni ýe­tir­me­dik “jan­ly” ekoul­gam­dyr. Ýa­ry­şyň pel­le­ha­na­sy Ha­zar deň­zi­niň ýa­ka­syn­da ýer­le­şen dynç alyş kün­jek­de — «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da bo­lar. Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar çö­lüň üýt­ge­şik çyl­şy­rym­ly bö­lek­le­ri­ni ge­çip, geç­miş­den şu gü­ne öz­bo­luş­ly sy­ýa­ha­ty ama­la aşy­ryp, türk­men top­ra­gy­nyň tä­sin ýer­le­ri­ni gö­rüp bi­ler­ler. Men “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň uly üs­tün­lik bi­len geç­jek­di­gi­ne, oňa gat­na­şy­jy­la­ryň bol­sa si­ziň aja­ýyp ýur­du­ňy­za ýe­ne-de gel­mä­ge şat bol­jak­dyk­la­ry­na ynan­ýa­ryn di­ýip, Žan-Lui Şles­ser aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Meş­hur ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­tou­lag sü­rü­ji­si çy­ky­şy­ny ta­mam­lap, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowa aw­tos­por­ty ös­dür­mä­ge çäk­siz uly go­şan­dy üçin ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy G.Aga­my­ra­do­wa söz be­ril­di. Ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sport sy­ýa­sa­ty­nyň ama­la aşy­ry­ly­şy ba­ra­da gür­rüň be­rip, ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ösü­şi­ne ün­si çek­di. 2009-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy dö­re­dil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ri­len “Ýü­pek ýo­ly” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si il­kin­ji iri ýa­ryş­la­ryň bi­ri bol­dy. Üç ýur­duň — Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­den ge­çen bu aw­to­mo­bil ýa­ry­şyn­da ýur­du­my­zyň to­pa­ry ýe­ňi­ji bol­dy. Çy­kyş ed­ýän şu ýyl ge­çi­ril­jek hal­ka­ra aw­to­ral­lä taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da gür­rüň ber­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýo­ka­ry us­sat­ly­gy­nyň şa­ýa­dy bo­lan türk­men tür­gen­le­ri­ni gur­şap alan buý­sanç duý­gu­sy­ny be­ýan et­di. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýa­ry­şyň saý­la­ma tap­gy­ry­na gat­na­şyp, ony ýo­ka­ry ne­ti­je bi­len ta­mam­la­dy, çyl­şy­rym­ly ýo­ly 10 mi­nut 10 se­kunt­da geç­me­gi ba­şar­dy. Ýat­dan çyk­ma­jak şol gü­ni ýat­la­mak bi­len, çy­kyş ed­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ze “Türk­me­nis­ta­nyň sport us­sa­dy” şa­ha­dat­na­ma­sy­nyň hem-de “Ýe­ňi­ji­niň Ku­bo­gy­nyň”, “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­naş­ma­ga hu­kuk ber­ýän şa­ha­dat­na­ma­nyň gow­şu­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ýa­ry­şa on eki­paž­da dö­re­di­len 20 ada­myň gat­naş­ma­gy­nyň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi, hä­zir ola­ryň IIM-niň Aw­to­mo­bil spor­ty okuw-tür­gen­le­şik mer­ke­zin­de hem-de Ga­ra­gum säh­ra­syn­da taý­ýar­lyk geç­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Şu gü­ne çen­li “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­naş­ma­ga da­şa­ry döw­let­le­riň de­giş­li fe­de­ra­si­ýa­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýän to­par­la­ryň we tür­gen­le­riň on­lar­ça­sy is­leg bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar. Soň­ra me­dia­fo­rum­da Türk­me­nis­ta­nyň Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň bö­lüm mü­di­ri A.Mäm­met­ny­ýa­zow çy­kyş et­di. Ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hal­ka­ra aw­to­ral­li­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça baş­lan­gy­jy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­za da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň uly to­pa­ry­nyň gel­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Bi­ziň top­ra­gy­myz be­ýik ösüş­le­riň sal­lan­ça­gy­dyr. Ýyl­ýaz­gy­çy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, ol “ýe­di ýo­luň çat­ry­gy­dyr”. Bu ýer­den ga­dy­my­ýet­de Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň halk­la­ry­nyň me­de­ni gat­na­şyk­la­ry­na hem örän uly tä­sir eden söw­da ýol­la­ry ge­çip­dir. Be­ýik Ýü­pek ýo­ly hä­zir meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk ny­şan­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di, ol bi­ziň gün­le­ri­miz­de hem hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek­de uly orun tut­ýar. Ine, Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, di­ňe 2017-nji ýyl­da dün­ýä­de sy­ýa­hat­çy­lyk şe­re­ket­le­ri­niň hyz­ma­tyn­dan ja­han­keş­de­li­gi ha­la­ýan­la­ryň 1 mil­lion 300 mü­ňü­si peý­da­lan­dy. Ge­çi­ri­len so­rag-jo­ga­ba la­ýyk­lyk­da, şo­la­ryň kö­pü­si Be­ýik Ýü­pek ýo­ly bo­ýun­ça geç­me­gi ar­zuw ed­ýär­ler. Gün geç­di­gi­çe, “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ge­çi­ril­jek gün­le­ri ýa­kyn­laş­ýar di­ýip, çy­kyş ed­ýän sö­zü­ni do­wam et­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň da­şa­ry ýurt­lar­dan köp san­ly sy­ýa­hat­çy­la­ry my­na­syp ka­bul et­mä­ge taý­ýar­lan­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýol­be­let-ter­ji­me­çi­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça uly iş­ler ge­çi­ril­di, sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň in­ter­net sa­hy­pa­la­ryn­da ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry­nyň ýer­le­şip bil­jek myh­man­ha­na­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat­lar çap edil­di, olar üçin tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy, “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­niň ta­nyş­dy­rylyş da­ba­ra­la­ry gu­ral­dy, tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri Türk­me­nis­tan­da hem-de da­şa­ry ýurt­lar­da gu­ra­lan okuw-mas­la­hat­la­ryna gat­naş­dy­lar. Soň­ra çy­kyş eden Ýew­ra­zi­ýa­da Aw­to­mo­bil ulag­la­ry­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň (IRU) he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy D.Çel­sow hal­ka­ra me­dia­fo­ru­myň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üs­tün­lik­li ýö­red­ýän ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň my­na­syp do­wa­my­dy­gy­ny bel­le­di. Soň­ky bäş ýy­lyň için­de türk­men Li­de­ri­niň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan öz ne­ti­je­li­li­gi­ni su­but eden hal­ka­ra yla­la­şyk­la­ry­nyň hem-de kon­wen­si­ýa­la­ryň esa­syn­da dur­nuk­ly yk­jam­ly­ly­gy hem-de ulag saz­la­şy­gy­ny üp­jün et­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­län mö­hüm Ka­rar­na­ma­la­ryň dör­dü­si ka­bul edil­di. 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan “Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni” at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky mö­hüm üs­tün­li­gi bol­dy. Ol Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy hem-de BMG-niň ag­za döw­let­le­ri­niň 193-si­niň we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­dy. Bu Ka­rar­na­ma­da dur­nuk­ly we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa hem-de ne­ti­je­li we­lo­si­ped ula­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça anyk mas­la­hat­lar be­ril­di, şeý­le-de ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de mil­li ulag stra­te­gi­ýa­syn­da we­lo­si­ped sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny ut­gaş­dyr­mak ün­del­ýär. IRU dur­nuk­ly yk­jam­ly­gy üp­jün et­mek, ulag ul­ga­myn­da düz­gün-ka­da­la­ry ut­gaş­dyr­mak hem-de san­ly ul­ga­ma geç­mek, şo­nuň bi­len Ýew­ro­pa­ny, Azi­ýa­ny we Ýa­kyn Gün­do­ga­ry Ha­zar se­bi­ti­niň üs­ti bi­len bir­leş­dir­ýän hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge ýar­dam et­mek bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len öza­ra dü­şü­niş­me­giň we hyz­mat­daş­ly­gyň ga­za­ny­lan de­re­je­si­ne buý­san­ýar di­ýip, Ýew­ra­zi­ýa­da Aw­to­mo­bil ulag­la­ry­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň baş­tu­ta­ny aý­ra­tyn bel­le­di. “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň gu­ral­ma­gy Türk­me­nis­tan­da we tu­tuş se­bit­de ta­ry­hy Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da dur­nuk­ly­ly­gy we hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­­ly­gy ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­mek üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da ga­za­nan­la­ry örän ulu­dyr di­ýip, çy­kyş ed­ýän bel­le­di. Aş­ga­ba­dyň se­bit­de iri hal­ka­ra ho­wa men­zi­li hem-de döw­re­bap ýo­lag­çy ter­mi­na­ly, Türk­me­nis­ta­ny goň­şy ýurt­lar bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan tä­ze de­mir ýol we aw­to­mo­bil ýol­la­ry üs­tün­lik­li he­re­ket ed­ýär. 2018-nji ýy­lyň ma­ýyn­da açy­lan Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­ty Ro-Pax gör­nü­şin­dä­ki gä­mi­ler­de mul­ti­mo­dal ýo­lag­çy gat­nat­ma­la­ry­ny ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Je­nap D.Çel­sow hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ ös­dür­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Myh­man Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowa me­dia­fo­ru­myň aja­ýyp gu­ra­lan­dy­gy üçin ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de mu­nuň ne­ti­je­le­ri­niň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň ün­sü­ni Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den tä­ze gör­nüş­de geç­ýän ga­dy­my Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek ral­li ýa­ryş­la­ry­na, ulag­la­ry hem-de dur­nuk­ly­ly­gy ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne çek­jek­di­gi­niň şüb­he­siz­di­gi­ni bel­le­di. Soň­ra fo­rum­da Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ka­ka­ýew çy­kyş edip, “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni wa­gyz et­mek hem-de ýaý­ly­ma ber­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­bar ber­di. Şu ba­bat­da döw­let ko­mi­te­ti ha­ta­ryn­da köp ýurt­la­ryň žur­na­list­le­ri­ni bir­leş­dir­ýän hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ko­mi­tet Ros­si­ýa-24, TRT, Öz­be­gis­ta­nyň mil­li te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy, Be­la­ru­suň te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy we beý­le­ki da­şa­ry ýurt te­le­ýaý­lym­la­ry bi­len öza­ra gat­na­şyk ed­ýär. Sport mak­sat­na­ma­la­ryn­dan we gep­le­şik­le­rin­den baş­ga-da, öň­de bol­jak hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra ba­gyş­la­nan 3D öl­çeg­dä­ki ani­ma­si­on fil­mi taý­ýar­la­nyl­dy. Bu film ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän döw­rün­de gör­ke­zi­ler. Oguz­han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler ba­ra­da gür­rüň ber­ýän do­ku­men­tal film­ler dö­re­dil­di. Soň­ra fo­rum­da Ru­my­ni­ýa­nyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň “Ral­ly Ra­id” ko­mi­te­ti­niň pre­zi­den­ti Mi­hail Leon­te çy­kyş et­di. Myh­man fo­ru­ma gat­naş­ma­ga ça­ky­lyk üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de gu­ra­ma­çy­la­ra ho­şal­lyk bil­di­rip, öz ýur­dun­da şeý­le ýa­ryş­la­ryň ru­hy, ru­myn sü­rü­ji­le­ri­niň to­par­la­ry we ýa­ryş­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di. Şo­la­ryň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de Ru­my­ni­ýa ral­li-reýd­le­riň hal­ka­ra kar­ta­syn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, da­şa­ry ýurt­ly ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ry, dün­ýä bel­li ta­ny­mal sü­rü­ji­le­ri ýa­ry­şa çek­mek Ru­my­ni­ýa­da hal­ka­ra ma­ra­fon­la­ry gu­ra­mak­da çyl­şy­rym­ly we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Em­ma meş­hur tür­gen­ler şeý­le ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak bi­len, bu ýur­da ýe­ne-de gaý­dyp gel­ýär­ler, se­bä­bi onuň te­bi­ga­ty­na, ho­wa­sy­na, hal­ky­na gö­wün ber­ýär­ler. Mi­hail Leon­te “Amul — Ha­zar” türk­men ral­li­si ba­bat­da hem şeý­le bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di, çün­ki bi­ziň myh­man­sö­ýer ýur­du­myz­da aja­ýyp te­bi­gy ýer­ler we gö­zel­lik­ler bar. Ral­li-reýd ýol­suz ýer­ler­den uzak ara­lyk­la­ra di­ňe bir köp­gün­lük ýa­ryş­lar däl­dir, eger ýa­ryş­la­ra has iç­gin ga­ral­sa, on­da olar ba­ra­da­ky dü­şün­je “baş­dan ge­çir­me”, “tö­wek­gel­çi­lik”, “berk­lik”, “aý­gyt­ly­lyk” ýa­ly dü­şün­je­ler bi­len be­zel­ýär. Ýö­ne hem­me zat­dan ýo­kar­da dost­luk, ab­raý we to­par­la­ýyn ruh dur­ýar di­ýip, Leon­te nyg­ta­dy hem-de ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da hem­me­le­riň deň­di­gi­ni we her ki­miň, ýag­ny sü­rü­ji­niň, ikin­ji sü­rü­ji­niň, me­ha­ni­giň hem-de to­pa­ryň beý­le­ki bö­le­gi­niň go­şan­dy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Üs­tün­li­giň esa­sy sy­ry us­sat­lyk­da hem-de he­re­ket­len­di­ri­ji­niň ýag­da­ýy­na dü­şün­mek­de, mak­sa­da ok­gun­ly­lyk­da jem­len­ýär. Ýa­ryş — bu, el­bet­de, köp­lenç, ýo­wuz şert­ler­de ýa-da nä­bel­li ýer­ler­de, kä­ha­lat­lar­da geç­me­si kyn ýer­ler­de geç­ýän uly sy­nag­dyr. Ýö­ne hut şeýt­mek bi­len, ula­gyň to­pa­ry­nyň uky­by we hä­si­ýe­ti, onuň je­bis­li­gi hem-de ula­gyň çy­dam­ly­ly­gy bar­la­nyl­ýar. Dost­lu­gyň hem-de to­par­la­ýyn ru­huň örän mö­hüm bo­lan spor­tuň beý­le­ki bir gör­nü­şi ýok­dur, ýe­ňi­ji­ler bol­sa, bu­lar pel­le­ha­na di­ňe bir il­kin­ji bo­lup ge­len­ler däl, ge­len­le­riň hem­me­si ýe­ňi­ji­dir. Ta­gal­la­lar şeý­le bir ýo­ka­ry, ýag­ny ara­ly­gy nä­çe wagt­da ge­çen­di­giň mö­hüm däl­dir, esa­sy zat bu işi ama­la aşyr­mak­da­dyr. Mu­nuň özi di­ňe bir özü­ne­ çe­ki­ji bol­man, eý­sem, spor­tuň örän şow­hun­ly gör­nü­şi­dir di­ýip, Mi­hail Leon­te sö­zü­ni do­wam et­di. Kuw­wat­ly ulag­lar, ýük ulag­la­ry, te­bi­gy gö­zel­lik… ýö­ne esa­sy gö­zel­lik — bu adam­lar­dyr. Aý­ra­tyn adam­lar­dyr. Biz ola­ry “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­niň geç­ýän döw­rün­de gö­re­ris. Me­dia­fo­rum­da çy­kyş eden Türk­me­nis­ta­nyň IIM-niň we­ki­li G.Hal­dur­dy­ýew amat­ly geog­ra­fi­k ýag­da­ýyň ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň mö­hüm se­riş­de­si­ne öw­rül­di di­ýip bel­le­di. 2018-nji ýy­lyň “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­me­gi tö­tän­den däl­dir. Çün­ki hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­jek “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni gu­ra­mak we­zi­pe­si Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň hem-de Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň üs­tü­ne ýük­le­nil­di di­ýip, IIM-niň we­ki­li bu aja­ýyp tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len hem-de bi­le­lik­de ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da gür­rüň ber­di. Bu dü­şel­ge­le­ri gu­ra­mak, ki­çi uçar­la­ry, aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry­ny gol­da­ma­ga çek­mek, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň işi­ni gu­ra­mak, şeý­le hem aw­to­ral­li­ni gu­ra­mak­da we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri­niň gol­da­wy­ny al­mak iş­le­ri­dir. Bu mak­sat­lar üçin gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti dö­re­di­lip, onuň dü­zü­mi­ne bir­nä­çe de­giş­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry gi­ri­zil­di. Çy­kyş ed­ýä­niň bel­leý­şi ýa­ly, dü­şel­ge­le­riň bi­ri Der­we­ze Ýa­nar­da­gy­nyň go­la­ýyn­da, ýe­ne-de bi­ri Türk­men kö­lün­den uzak bol­ma­dyk ýer­de ýer­leş­di­ri­ler. Şeý­le­lik­de, ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar türk­men top­ra­gy­nyň üýt­ge­şik, gaý­ta­lan­ma­jak ýer­le­ri­ni öz göz­le­ri bi­len gö­rer­ler. Ýa­ryş ýo­lu­nyň jem­leý­ji bö­le­gi bol­sa Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­dan ge­çer, pel­le­ha­na bol­sa, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da bo­lup, onuň gö­zel­li­gi­ne da­şa­ry ýurt­ly ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar ba­ha be­rer­ler. Ýa­ryş­la­ryň ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň, teh­ni­ki hyz­mat­la­ryň üp­jün edi­li­şi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şeý­le hem gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan da­şa­ry ýurt­ly ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň güm­rük düz­gün­le­rin­den geç­me­gi­ni hem-de wi­za al­ma­gy­ny ýe­ňil­leş­dir­mek üçin çä­re­ler gö­rül­di. Türk­me­nis­ta­nyň aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry G.Be­ga­li­ýew mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ry­ny jem­le­mek bi­len, aw­tou­lag­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça mi­nistr­li­giň alyp bar­ýan iş­le­ri, şeý­le hem “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da gür­rüň ber­di. Hu­su­san-da, hal­ka­ra aw­to­ral­li­ni ge­çir­mek üçin mi­nistr­li­giň üs­tü­ne ýük­le­nen çä­re­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne jo­gap ber­ýän to­par dö­re­dil­di, hä­zir­ki we gel­jek­ki ýa­ryş­la­ryň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy, şeý­le hem pu­da­gy ös­dür­me­giň gel­je­gi ba­ra­da aý­dyl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýa­kyn­da Bal­kan we­la­ýa­ty­na bo­lan sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­lä taý­ýar­lyk gör­lü­şi bi­len ta­nyş­dy hem-de ýa­ry­şyň ýol­la­ry­nyň jem­leý­ji tap­gy­ryn­da ge­çi­ril­ýän iş­le­riň bar­şy­ny göz­den ge­çir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­niň ýo­lu­nyň jem­leý­ji bö­le­gi­niň baş­lan­ýan ýe­ri­ne ge­lip, Türk­me­nis­ta­nyň eko­lo­gik ýag­da­ýa uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Eko­lo­gi­k nuk­daý­na­zar­dan aw­to­mo­bil­ler­de ula­nyl­ýan iň aras­sa ýan­gy­jy çy­kar­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­lar eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Gel­jek eko­lo­gi­ýa bi­len­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy hem-de şu nuk­daý­na­zar­dan “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­niň ge­çi­ril­me­gi­niň çä­re­le­riň äh­li gör­nüş­le­ri, şol san­da aw­tos­port bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry bi­len hem eko­lo­gik ýag­da­ýyň ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Ge­çi­ril­jek ýa­ryş­lar hem biz­de eko-ral­li-reýd diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz ýat­lat­dy. Bu bol­sa öz-özün­den düş­nük­li­dir. Mun­dan baş­ga-da, ýa­kyn wagt­da biz bu ugur­da­ky iş­le­ri­mi­ziň ne­ti­je­le­ri­ni gör­ke­ze­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da suw bi­len aras­sa­la­nan ýan­gy­jy ön­dür­mek bo­ýun­ça en­jam­da ýa­kyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň EKO-5 ky­sym­ly ýan­gy­jy ön­dür­mek bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, des­sin ýag­daý­da ze­rur bo­lan iş­ler ge­çi­ril­di hem-de bu ýan­gy­jyň il­kin­ji tap­gy­ry çy­ka­ryl­dy. “BASF” ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bar­lag­ha­na­syn­da ýan­gy­jyň bu ky­sy­my­nyň sy­na­gy ge­çi­ril­di. Şo­nuň bar­şyn­da oňyn ne­ti­je­ler alyn­dy. Şu gün me­dia­fo­ru­myň bar­şyn­da oňa gat­na­şy­jy­lar türk­men hü­när­men­le­ri­niň ön­dü­ren hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­niň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na ky­bap gel­ýän bu aja­ýyp, eko­lo­gik taý­dan aras­sa EKO-5 ýan­gy­jy­nyň nus­ga­la­ry bi­len tan­şyp bil­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­lä gat­naş­jak aw­tou­lag­la­ry EKO-5 ky­sym­ly di­zel ýan­gy­jy bi­len yzy­gi­der­li üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Me­dia­fo­ru­myň bar­şyn­da žur­na­list­ler üçin “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­ni gu­raý­jy­la­ra so­wal ber­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Hu­su­san-da, ru­myn met­bu­ga­ty­nyň we­ki­li je­nap Şles­ser­den ýa­ryş­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­jak­dy­gy ba­ra­da gy­zyk­lan­dy. “Bu ral­li ýa­ry­şy spor­tuň muş­da­gy we ta­rap­da­ry, şeý­le hem wi­deo­film­den gör­şü­miz ýa­ly, us­sat sü­rü­ji bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­ýär. Biz bu çä­rä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti gö­rüp bi­le­ris­mi?”. Je­nap Şles­ser jo­gap edip: “Biz Pre­zi­den­tiň gat­naş­ma­gy­na örän be­ge­ner­dik. Onuň gat­naş­jak­dy­gy­na umyt ed­ýä­rin. Şeý­le bolsa men örän şat bo­lar­dym. Mu­nuň tas­syk­lan­ma­gy­na umyt ed­ýä­rin. El­bet­de, gat­naş­mak ba­ra­da­ky ka­ra­ry Pre­zi­den­tiň özi çö­zer, em­ma biz şeý­le çöz­gü­de örän be­ge­ner­dik” diýdi. Şeý­le hem Rus­si­ýa­nyň “RIA No­wos­ti” hal­ka­ra ha­bar­lar agent­li­gi­niň ha­bar­çy­sy­nyň so­wa­ly­na jo­gap edi­lip, “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­ne gat­naş­ma­ga Rus­si­ýa­dan bir­nä­çe to­par­la­ryň bel­li­ge al­nan­dy­gy ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da, my­sal üçin, “G-Force” to­pa­ry bar. Rus­si­ýa­dan baş­ga-da, bäs­deş­le­riň bol­ma­gy müm­kin, se­bä­bi bel­li­ge al­ma­gyň möh­le­ti 10-njy aw­gus­ta çen­li açyk­dyr. Şeý­le hem ga­za­gys­tan­ly žur­na­lis­tiň so­wa­ly­na jo­gap edi­lip, bu ýurt­dan hem se­çi­lip al­nan tür­gen­le­riň bar­dy­gy aý­dyl­dy — olar Ga­za­gys­ta­nyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­syn­dan 5 to­par­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­bar­lar agent­li­gi­niň (TDH) we­ki­li “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­ne meş­hur aw­to­mo­bil sü­rü­ji­ler­den kim­le­riň gel­jek­di­gi­ni so­ra­dy. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, öň­de bol­jak ýa­ryş­lar­da iň gör­nük­li tür­ge­niň bi­ziň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bo­lup bil­jek­di­gi ba­ra­da jo­gap be­ril­di. Biz mu­ny ar­zuw ed­ýä­ris. Bu bol­sa bi­ziň äh­li­miz üçin be­lent mer­te­be­dir. Bü­tin­ dün­ýä­den gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan Ýa­zid Al-Ra­ji bo­lar, Fran­si­ýa­dan, Ang­li­ýa­dan hem beý­le­ki ýurt­lar­dan ab­raý­ly we­kil­ler gat­na­şar. Hä­zir­ki gün­de ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny, tak­my­nan, 80-e ba­ra­bar­dyr. Ýa­ry­şa aw­tou­lag­la­ryň 20 — 25-si çy­kar. Bi­ze dür­li ýurt­la­ryň to­par­la­ryn­dan gel­ýän ha­ýyş­na­ma­la­ryň sa­ny gün­sa­ýyn kö­pel­ýär di­ýip, gu­ra­ma­çy­lar sö­zü­ni jem­le­di­ler. Me­dia­fo­ru­myň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çesi­ne ge­ze­lenç et­di­ler. Bu ýer­de bir ýy­la ýa­kyn mun­dan ozal sport döw­le­ti hök­mün­de ýur­du­my­zyň de­re­je­si­ni no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­lan Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry uly üs­tün­lik bi­len ge­çi­ril­di. Paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry sö­weş sun­gat­la­ry des­ga­syn­da, üs­ti ýa­pyk we­lot­rek­de, spor­tuň suw gör­nüş­le­ri mer­ke­zin­de, uly kö­pu­gur­ly zal­da bol­du­lar hem-de bas­ket­bol meý­dan­ça­sy­na ba­ryp gör­dü­ler. Me­dia­fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň bi­ra­gyz­dan pi­ki­ri­ne gö­rä, her bir des­ga we Olim­pi­ýa şä­herçesi, umu­man, sport bi­na­gär­li­gi­niň öz­bo­luş­ly gö­rel­de alar­lyk aja­ýyp nus­ga­sy­dyr. Şeý­le sport dü­züm­le­ri­ne eýe bo­lan Türk­me­nis­tan dün­ýä de­re­je­li iri ýa­ryş­la­ry ge­çir­mä­ge my­na­syp­dyr. Soň­ra me­dia­fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da tä­sin be­hiş­di at­la­ry haý­ran gal­mak bi­len syn­la­dy­lar. Türk­men hal­ky be­dew­le­ri­ne buý­sa­nyp, ola­ry öz uçar ga­na­ty ha­sap­la­ýar. Kö­pet­da­gyň etek­le­rin­de aja­ýyp te­bi­gy kün­jek­de myh­man­lar ak mer­mer­li Aş­ga­bat­da we onuň tö­we­rek­le­rin­de bol­ma­k­dan öz­le­rin­de ga­lan aja­ýyp tä­sir­le­ri ru­hu­be­lent­lik bi­len paý­laş­dy­lar. Me­dia­fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar er­tir paý­tag­ty­myz, onuň gö­zel ýer­le­ri bi­len ta­nyş­ly­gy­ny do­wam eder­ler hem-de Türk­me­nis­ta­nyň IIM-niň aw­tos­port mer­ke­zi­ne ba­ryp gö­rer­ler.

Soňky habarlar
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
top-arrow