Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Bruneý – Darussalam Döwletiniň ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Bruneý – Darussalam Döwletiniň ilçisi işläp başlady
Çap edildi 21.04.2015
1182

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Meälisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Bruneý – Darussalam Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Haji Mahadi Maýdinden ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli Parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Bruneý—Darussalam Döwletiniň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi. Öz nobatynda, jenap Haji Mahadi Maýdin mähirli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, onuň Bruneý – Darussalam Döwletiniň Türkmenistandaky ilkinji Ilçisi wezipesine bellenilmeginiň iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň barşynda diplomata Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Şol syýasatda bolsa dünýäniň ähli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, türkmenistanlylaryň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga aýratyn üns berildi. Diplomat şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Bruneýiň doly ygtyýarly wekili ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere uly gyzyklanma bildirip, olaryň depginine we netijelerine haýran galýandygyny aýtdy, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini, türkmen döwletiniň halkara abraýynyň barha artýandygyny belledi. Döwletimiz bu abraýa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde eýe boldy. Jenap Haji Mahadi Maýdin Türkmenistan bilen Bruneý – Darussalam Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada aýdyp, öz ýurdunyň Türkmensitan bilen giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwletara gatnaşyklaryny, hususan-da, iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we özara düşünişmegine ýardam edýän bilim we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. *** Şu gün Bruneý – Darussalam Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Haji Mahadi Maýdin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow