Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 22.04.2015
1258

Aşgabat, 22-nji aprel /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Abdelsattar Mohamed Elbadriden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz işini döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin peýdalanjakdygyna ynandyrdy. Duşuşygyň barşynda ilçi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan, baş maksady halkymyzyň abadançylygy, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bolan giň gerimli durmuş-ykdysady taslamalar bilen tanyşdyryldy. Türkmen döwletiniň innowasion taýdan ösmegine ýardam edýän ylym we bilim ulgamynda, şeýle hem ýaşlar syýasatynda geçirilýän özgertmelere, ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, eneligi hem-de çagalygy goramak boýunça wezipeleriň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi. Doly ygtyýarly wekil türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraply işleri, Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki döwründe Mejlisiň deputatlarynyň öňünde durýan wezipeler bilen hem tanyşdyryldy. Ilçi ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň gerimine haýran galandygyny aýdyp, ak mermerli türkmen paýtagtynyň ajaýyp keşbiniň munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Jenap Mohamed Abdelsattar Mohamed Elbadri Müsürde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ylalaşdyryjylyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmek babatda birnäçe tekliplerini beýan etdi. Söwda-ykdysady, ylym we bilim ulgamlary türkmen-müsür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki halkyň taryhy we medeni ýakynlygyny nazara almak bilen, medeni alyşmalaryň giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmek, netijeli gatnaşyklary giňeltmek maksadynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. *** Şu gün Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Abdelsattar Mohamed Elbadri Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi, şonda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy. Medeni maksatnamanyň çäklerinde dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary we Aşgabat şäheriniň gözellikleri bilen tanşar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow