Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Pasyllaryň çalyşmagyny sagdyn bolup garşylalyň: möwsümleýin keselleriň öňüni almak barada
Jemgyýet
Pasyllaryň çalyşmagyny sagdyn bolup garşylalyň: möwsümleýin keselleriň öňüni almak barada
Çap edildi 30.10.2017
2414

Ýylyň her paslynyň öz ajaýyplygy bolup, olar saglygyňa paýhasly çemeleşmegi talap edýär. Pasyllaryň çalyşmagy we howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremegi mümkin. Olara garşy nähili göreşmeli? Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman ministrliginiň Maglumat merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewa TDH-nyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Saglyk bilen bagly her bir meselede hökman maşgala lukmany bilen maslahatlaşmaly. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli, pasyllara görä geýinmeli we witamin С – askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda durmaly däl. Adamyň kesele garşy ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hökman askorbin turşusyna baý içgileri, miwe şirelerini kabul etmeli. Olara bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri degişlidir. Kelem, käşir we beýleki bakja önümleri günüň dowamynda iýjek bolmaly. Asyrlaryň dowamynda milli tagamlarymyza öwrülen, gyzyl burç goşulan unaş hem pasyllaryň çalşygynda iýmegi maslahat berýäris. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsitler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ýöne unaşa gyzyl burç atmagy maşgala lukmanlar bilen maslahatlaşsaňyz gowy bolar. Dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Asgyrlanda, üsgürlende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly. Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn suw bilen ýuwmaly. Derman serişdelerini lukmandan maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Olary özbaşdak ulanmaklyk birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder. Pasyllaryň çalşygynda bedeni sagdyn saklamak üçin hökman hormatly Prezidentimiz, TYA-nyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopediki kitabynda beýan edilýan dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli. Ýurdumyzda döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar geçirilýär. Bu barada öz maşgala lukmanynyň bilen maslahatlaşyp bilersiňiz. Şu düzgünlere eýerjek boluň we hemişe sagdyn boluň!

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow