Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň baştutanyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň baştutanyny kabul etdi
Çap edildi 25.04.2015
1295

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň prezidenti Aleksandr Şohini kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny dünýäde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewlerine bagyşlanan milli baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady. A.Şohin Aşgabatda guralan dabaralaryň giň gerim bilen geçirilýändiginiň guwançly wakadygyny aýdyp, Türkmenistanyň ajaýyp ahalteke bedewleri ýaly milli medeni gymmatlygyň aýawly saklanylmagynda we ösdürilmeginde tutuş dünýä nusgalyk görelde görkezýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen giň ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman milli ykdysadyýetimizde ýurdumyzyň telekeçileriniň ornunyň pugtalanýandygyny nazara almak bilen, telekeçi düzümleriň derejesinde iki ýurduň arasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçilikleri we ony ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alyşdylar. Hususy telekeçiligiň bilelikdäki ýokary tehnologiýaly kärhanalaryny döretmek, şeýle hem işewür düzümleriň wekilleriniň arasynda netijeli maglumatlary alyşmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň telekeçilerine goldaw bermegiň giň möçberli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ykdysadyýetimize netijeli bazar gatnaşyklarynyň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň jemi içerki ösüşinde hususy kärhanalarynyň paýynyň artmagy türkmen döwletiniň durmuş ulgamyny nazarlaýan ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz işewürligi alyp barmakda hukuk kepillikleriniň üpjün edilýändigini, täzeçil usullaryň, eksporta gönükdirilen önümçiligiň döredilmegini goldaýarys diýip belledi we bu ugurlar boýunça iki ýurduň işewür düzümleriniň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň baştutany duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň telekeçileriniň gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryna oňyn baha bermek bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ugruň ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow