Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 25.04.2015
1437

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi. Türk işewüri döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlap, umumymilli baýramçylyk dabaralarynyň özünde uly täsir galdyrandygyny beýan etdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, ýolbaşçylyk edýän gurluşyk kompaniýasy üçin durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek uly mertebedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe bilen gatnaşyklaryň aýratyn häsiýete eýedigini belledi, bu ýurt bilen Türkmenistany taryhy – medeni umumylyk hem-de dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, türkmen döwletiniň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýdyp, şu ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda köp sanly türk kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigini, olaryň iň täze işläp taýýarlamalara, uly ylmy we önümçilik kuwwatlyklara eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Duşuşygyň baryşda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman dürli ugurlarda, şol sanda energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki möhüm taslamalaryň ilerledilişi barada hasabat berdi. Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow