Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçmek barada Permana gol çekildi
Jemgyýet
Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçmek barada Permana gol çekildi
Çap edildi 25.10.2017
2302

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda daşar ýurt raýatlarynyň günäsini geçip, olar mundan beýläk çeza çäresini çekmekden boşadyldy. Bu kararlar beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmak maksatly kabul edildi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow