Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwlet Baştutanymyz: gadymy döwürlerde türkmenler golfa meňzeş çilik oýnunda bäsleşipdirler
Jemgyýet
Döwlet Baştutanymyz: gadymy döwürlerde türkmenler golfa meňzeş çilik oýnunda bäsleşipdirler
Çap edildi 17.10.2017
2321

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň golf-klubynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, täze sport toplumynyň dynç almak üçin meşhur künjege öwrüljekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň syýasatynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Garaşsyz Watanymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri we şypahanalar giň gerim bilen gurulýar. Bu işler sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmaga, Türkmenistanyň dünýä derejeli sport merkezi hökmünde ykrar edilmegine, türkmen sportunda uly üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyz heniz gadymy döwürlerde, türkmenleriň arasynda golfa meňzeş çilik oýnunyň oýnalandygyny belledi. Bu oýun adamda çakganlygy, ünslüligi, başarjaňlygy we sagdynlygy terbiýeleýär we kuwwat berýär. Dünýäde giňden ýaýran golfuň ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýeti bar. Bu oýun bedeni taplamak bilen birlikde ýürek-damar, süýjükesel, göwnüçökgünlik ýaly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Adamyň aň-bilim hem-de sport başarnygyny artdyrýar. Uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy barlaglar golfuň ynsan ömrüni uzaltmakda örän möhümdigini tassyklaýar diýip, milli Liderimiz belledi. Halkara ölçeglerine laýyklykda gurlan, ýokary hilli golf meýdançaly bu täze toplum ýurdumyzda sport ulgamynyň düzüminiň yzygiderli giňelýändigini aýdyň görkezýär. Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň günortasynda ýerleşýän Golf sport toplumynyň umumy meýdany 70 gektardan ybarat. Toplumda edara we hyzmat ediş binalary, 18 çukur, 4 emeli köl hem-de bir emeli çeşme, awtoulaglar üçin 90 orunlyk ýerasty hem-de ýerüsti duralga guruldy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow