Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Ak öý” binalary welaýat merkezlerinde gurlar
Jemgyýet
“Ak öý” binalary welaýat merkezlerinde gurlar
Çap edildi 13.10.2017
2939

Türkmenlerde däp bolan ak öýleri özboluşly gaýtalaýan “Ak öý” binalary Türkmenistanyň ähli welaýat merkezlerinde gurlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna jogakär bellenilen wise-premýerlere, welaýat häkimlerine bu barada görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz Balkanabat, Daşoguz we Türkmenabat welaýat merkezlerinde “Ak öý” binalarynyň gurluşygyna girişmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi. Hormatly Prezidentimiz olaryň gurluşygyna 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda girişmegi tabşyrdy hem-de “Ak öýlerde” jemgyýetçilik-syýasy we medeni-köpçülik çärelerini iň ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi. Mary welaýatynda şeýle bina 2015-nji ýylda guruldy, Ahal welaýatyndaky “Ak öýde” bolsa ýakynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahaty geçirildi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow