Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 19.05.2015
1174

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Maýa Hristowadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň barşynda ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy, bu syýasat bolsa Türkmenistany dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna goşdy. Doly ygtyýarly wekile ýurdumyzda amala aşyrylýan we türkmenistanlylaryň durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada gürrüň berildi. Diplomat türkmen parlamentiniň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Hanym Maýa Hristowa Garaşsyz Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere ägirt uly gyzyklanma bildirip, gysga döwrüň içinde durmuş-ykdysady we medeni ulgamda haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolan döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň belent mertebedigini belledi. Bolgariýanyň doly ygtyýarly wekiliniň aýdyşy ýaly, türkmen hem-de bolgar halklarynyň köpýyllyk ykdysady hyzmatdaşlygy we dostlugy iki ýurduň mundan beýläk-de doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmegi üçin kuwwatly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, gurluşykda, ylym-bilim we medeni ulgamlarda, syýahatçylykda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Duşuşygyň ahyrynda ähli ugurlar, şol sanda giň parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde oňyn döwletara gepleşiklerini işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. *** Şu gün Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde hem-de “Türkmengaz” döwlet konserninde boljak duşuşyklaryň barşynda ýangyç-energetika toplumy ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow