Baş sahypa
\
Medeniýet
\
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
Medeniýet
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
Çap edildi 29.09.2017
2638

Maslahat köşgünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýanlaryň gala- konserti geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň hormatyna guraljak dabaralaryň öňüsyrasynda geçirilen bäsleşige gatnaşmak üçin paýtagtymyza ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli çagalar ýygnandylar. Olar ýurdumyzyň baş sahnasynda çykyş etmäge we ýurdumyzyň estrada ýyldyzlary bolmak ugrunda ilkinji ädimleri ätmäge mynasyp hukuk gazandylar. Jemleýji bäsleşige ýaş ýerine ýetirijileriň 15-si, tans, aýdym-saz we halk döredijiligi toparlarynyň bolsa 23-si gatnaşdylar. Geljekde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň abraýyny belende göterjek zehinli çagalaryň 730-sy paýtagtymyza ýygnandylar. Ýeňijiler diýen ada eýe bolan zehinli ýaş ýerine ýetirijileriň atlary yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar we bäsleşigiň ýeňijileriniň şahadatnamalary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, olar körpeleriň geljekki bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmegine höwes döreder. Ýurdumyzyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň hem-de teleradio ýaýlymlaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” umumy milli döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda zehinli çagalaryň arasynda geçirýän bilelikdäki döredijilik gözden geçirilişi asylly däbe öwrüldi. Saýlama tapgyrlary ýurdumyzyň şäherlerinde, etraplarynda, welaýat merkezlerinde geçirildi we olarda jemleýji tapgyra gatnaşyjylar kesgitlenildi.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow