Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň işini üýtgedip guramagy tabşyrdy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň işini üýtgedip guramagy tabşyrdy
Çap edildi 29.09.2017
2127

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümete Aşgabadyň Olimpiýa şäherjininiň işini üýtgedip guramagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz hökümet mejlisinde çykyş etmek bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli tamamlanandygyny nazara alyp, oýunlara taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýatyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Ýerine ýetiriji komitetiň maliýe we beýleki meselelerini kadalaşdyrmak hem-de onuň işgärlerini işe ýerleşdirmek bilen bagly meseleleri bir aýyň dowamynda çözmek barada degişli görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz Olimpiýa şäherjiginiň sport bilen meşgullanmak we türgenleri taýýarlamak üçin oňyn binýat bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherjigini düýpli üýtgetmek boýunça degişli maksatnamany düzmelidigini, bu ýerde Milli sport we syýahatçylyk instituty üçin okuw-türgenleşik binýadynyň döredilmelidigini tabşyrdy. “Paýtagtymyzyň islendik ýaşaýjysy şäherjige gelip, abonement satyn alyp, sportuň öz höwes bildirýän görnüşi bilen meşgullanyp biler” diýip, döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow