Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň sportda iň oňat halypalaryna «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi»diýen at dakyldy
Jemgyýet
Ýurdumyzyň sportda iň oňat halypalaryna «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi»diýen at dakyldy
Çap edildi 28.09.2017
1929

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen türkmen sportuny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda bitiren uly hyzmatlary, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17–27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamakda, şeýle hem sport boýunça okuw-türgenleşik we terbiýeçilik işlerinde gazanan ýokary netijeleri üçin şu adamlara «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy: Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň grek-rim göreşi boýunça türgenleşdiriji-mugallymy, Türkmenistanyň grek-rim göreşi boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Rozy Akmämmedowiç Rejepowa, Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň Toplumlaýyn sport mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aleksandr Nikolaýewiç Snagowskä, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Göreş we başa-baş tutluşyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy, Türkmenistanyň türkmen milli göreşi boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Setdarberdi Ýalkapberdiýewiç Rejepberdiýewe, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň direktory, Türkmenistanyň Atly sport federasiýasynyň başlygy Ahmed Amangeldiýewiç Berdiýewe, Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Kikboksing boýunça federasiýasynyň başlygy Nurýagdy Amanbaýewiç Matnepesowa, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň sportuň guşakly göreş boýunça tälimçisi, Türkmenistanyň türkmen milli we guşakly göreşi boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Hemra Saparmämmedowiç Nurmämmedowa, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň baş kätibi Gulmyrat Nurmyradowiç Agamyradowa, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň baş kätibi Röwşen Begowiç Kemjaýewe, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň Sport desgalaryny, oýunlaryň geçiriljek ýerlerini we sport ýaryşlaryny dolandyrmak bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň agyr atletika Milli merkeziniň baş kätibi Çarygeldi Bäşimowiç Mämmedowa, harby gullukçy, Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Nurýagdy Hümmedowiç Mämmedowa, kazyýet işgäri, Türkmenistanyň türkmen milli we guşakly göreşi boýunça milli ýygyndy toparynyň aýal-gyzlar toparynyň baş tälimçisi Nasiba Ýegembergenowna Surkiýewa, Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň dzýudo bölüminiň tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň sambo boýunça aýal-gyzlar milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Çemengül Geldibaýewa, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň başlygy Maksat Hojadurdyýewiç Nasyrowa, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň tälimçisi, Türkmenistanyň söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Annageldy Baýramgeldyýewiç Sarykulowa, Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň 3-nji Toplumlaýyn sport mekdebiniň müdiri, Türkmenistanyň türkmen milli we guşakly göreşi boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Çaryguly Şyhberdiýewe, Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň 3-nji Toplumlaýyn sport mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň söweş sambosy boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Alai Güýzmeňgliýewiç Nyýazmeňgliýewe, Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň Toplumlaýyn sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Ikram Matkarimowa, Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň Milli görnüşleri boýunça sport mekdebiniň kuraş boýunça tälimçi-mugallymy Myrat Merzakulyýewiç Kurbanowa, Türkmenistanyň Taýboksing we gatyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň başlygynyň orunbasary, «Talas ýoly» hojalyk jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Rozymyrat Meredowiç Amaşowa, Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçisi Ahmet Akmuradowiç Saryýewe, Türkmenistanyň Bilýard sport federasiýasynyň başlygy Batyr Kakajanowiç Aşyrowa, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Kikboksing boýunça federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Atageldi Paltaýewiç Paltaýewe, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Kikboksing boýunça federasiýasynyň baş kätibi, Türkmenistanyň Suwdaky sport görnüşleri milli federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Guwanç Agamyradowiç Atanyýazowa, Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň baş kätibi Bahar Orazowna Mahtumowa, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Ýokary netijeli sport we olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölüminiň esasy hünärmeni, Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň Basketbol sport mekdebiniň utgaşdyryjy tälimçi-mugallymy Didar Myratgeldiýewiç Geldimyradowa, Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň Toplumlaýyn sport mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça aýal-gyzlar milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Rüstem Amangulyýewiç Imamgulyýewe, harby gullukçy, Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça erkekler milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Döwletmyrat Sendusenowiç Kasymowa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garawekil obasynyň sport mekdebiniň müdiri, Türkmenistanyň türkmen milli we guşakly göreşi boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Mergen Nazarowiç Çaryýewe, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň sport mekdebiniň türkmen milli göreşi boýunça tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň türkmen milli we guşakly göreşi boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Ýazmämmet Ýolmämmedowiç Garajaýewe, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň türkmen milli we guşakly göreşi boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Sytdyh Allaberdiýewiç Ýagşysähedowa, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň sport mekdebiniň dzýudo boýunça tälimçisi, Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça aýal-gyzlar milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Aýrat Hatypowiç Hasanowa, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy, Türkmenistanyň sambo boýunça aýal-gyzlar milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Azat Atamyşewiç Akmyradowa, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katerina-Irena Anna-Margareta Ýakob Geb.Şraynere (Germaniýa Federatiw Respublikasy), Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Jafer Topçuwa (Türkiýe Respublikasy), Türkmenistanyň kuraş göreşi boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Olimjon Toşowiç Haýitowa (Özbegistan Respublikasy), Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Kyohei Nakamura (Ýaponiýa).

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow