Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mejlisde ""Aşgabat 2017"" oýunlarynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Jemgyýet
Mejlisde ""Aşgabat 2017"" oýunlarynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 28.09.2017
2142

Mejlisde ýurdumyzyň parlamentiniň deputatlarynyň we hünärmenleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemlerine bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz üstüne ýüklenen şeýle ýokary derejeli sport çäresini geçirmek ýaly ýokary jogapkärçiligiň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardy. Ýaryşlar Aziýa, Okeaniýa ýurtlarynyň 64-siniň wekilleriniň 6 müňe golaýyny hem-de Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşan bosgunlaryň toparyny bir ýere jemledi. Adalatly sport göreşlerinde biziň türgenlerimiz umumy toparlaýyn birinji orny eýeläp, hormatly Prezidentimiziň türkmenistanlylaryň saglyk meselesine, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary gazanylanlar sportuny ösdürmäge neneňsi uly üns berýändigini bütin dünýä görkezdi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky şahadatnama we döşe dakylýan nyşan gowşuryldy. Bu at oňa sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakdaky hyzmatlary hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamaga goşan şahsy goşandy üçin berildi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow