Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Wengriýa: ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Wengriýa: ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň mejlisi
Çap edildi 03.06.2015
1283

Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki döwletiň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dostlukly ýurduň uly wekiliýetine Wengriýanyň daşary işler ministriniň orunbasary doktor Laslo Sabo ýolbaşçylyk edýär. Toparyň ýolbaşçylary duşuşygy açyp, özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa 2014-nji ýylyň iýunynda amala aşyran resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklar netijeli türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň möhüm esaslarynyň biri bolup hyzmat edýär. Gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda ykdysady aragatnaşyklaryny mundan beýläk-de ýygjamlaşdyrmagyň agzalandygyny bellemek gerek. Iki dostlukly ýurduň baştutanlary tarapyndan öňde goýlan maksada ýetmek üçin Hökümetara topary döredildi. Oňa netijeli özara hereketleriň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek boýunça esasy gural hökmünde möhüm orun berilýär. Şeýle düzümiň döredilmegi iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge iki tarapyň hem ymtylmasyny ynamly tassyklaýar. Duşuşygyň barşynda toparyň agzalary döwletara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda özara hereketleri çuňlaşdyrmak üçin anyk ädimler kesgitlendi, bilelikdäki önümçilikleri we kärhanalary döretmegiň hasabyna haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Türkmenistandan Wengriýa eksport edilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek baradaky teklibe garamaga aýratyn üns berildi. Mejlisiň gün tertibine şeýle hem energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak meseleleri girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny belläp, degişli hökümetara Ylalaşygynyň taslamasyny taýýarlamak barada özara pikir alyşdylar. Kompýuter we maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary ýola goýmak ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Oba hojalygynda-da hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikler bar. Şu babatda oba hojalyk önümlerini ýetişdirmekde iň täze ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmagy guramagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde wenger gök önümleriniň we üzüminiň dürli görnüşleriniň synaglaryny geçirmek baradaky mesele hem toparyň agzalarynyň garamagyna hödürlendi. Suwdan peýdalanmak ulgamy ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar bu meseläniň wajypdygy barada aýdyp, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, hapa suwlary arassalamak hem-de jemagat hojalygyň hyzmatlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin pikirlerini aýtdylar. Mejlisiň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, keselleri anyklamakda we bejermekde hem-de beýleki ugurlarda häzirki zaman gazanylanlar barada maglumatlary alyşmak boýunça gatnaşyklary ýola goýmak hakynda teklip aýdyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar gumanitar ugur boýunça iki ýurduň özara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, medeniýet, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan häsiýetini bellediler. Hususan-da, bilelikdäki çäreleri geçirmegiň, Türkmenistanda hem-de Wengriýada guraljak iki ýurduň wekilleriniň halkara maslahatlaryna we beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Toparyň işiniň birinji gününiň ahyrynda wenger wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda mähirli kabul edendikleri we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki mejlisiň ähli ugurlar boýunça türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny doly möçberli işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Ertir mejlis öz işini dowam eder. Duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilmegi göz öňünde tutulýan Teswirnama döwletara hyzmatdaşlygynyň çäklerini görnetin giňeltmäge mümkinçilik berer hem-de birnäçe esasy ulgamlar boýunça netijeli özara hereket etmek üçin uly geljegi açar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow