Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Pygy Baýramdurdyýew: Oýunlar ýurdumyzyň beýik gazananlaryny alamatlandyrýar
Jemgyýet
Pygy Baýramdurdyýew: Oýunlar ýurdumyzyň beýik gazananlaryny alamatlandyrýar
Çap edildi 19.09.2017
2390

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmak ynanylan , Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew interwýu berdi: - Türkmenleriň taryhy ahalteke bedewi bilen aýrylmaz baglydyr.Türkmenler: “Atym – ganatym” diýýär. Bedew – türkmenleriň ganaty, taryhyň barşyna okgunlylyk beren gymmatlygy.Hut şoňa görä-de, Aşgabat Aziadasynyň açylyş dabarasy we tutuşlygyna onuň hemme çäreleri bedew bilen baglanyşykly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna galan 500 günüň sanalmagyna girişilmegi mynasybetli Gadymy Nusaý galasynda 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda badalga berlen atly ýöriş Olimpiýa şäherjiginde tamamlandy. Bu atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň içinden geçdi. Aziýa oýunlarynyň alawynyň gadymy türkmen topragy bolan Marguşda ýakylyp alynmagynyň çuňňur özboluşly manysy bar, çünki, alymlaryň pikirine görä, oda çokunmagyň dünýä dinleriniň ilkinjileriniň biri bolan zoroastrizm hut şu ýerde döräpdir. Atly ýigitlerimiziň 17-si “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawyny paýtagtymyza getirip, onuň açylyş dabarasyny ýatdan çykmajak, tolgundyryjy pursatlar bilen bezediler. Maňa Aziadanyň alawyny kabul etmek hem-de ony Aşgabadyň Olimpiýa stadionyna getirmek bagty miýesser etdi. Türkem halky: “ At agynan ýerde toý bolar” diýýär. Akhan atly bedewe atlanyp, alawy stadionyň merkezindäki gala şekilindäki münbere galdyrdym. Bu galanyň keşbi türkmeniň şan-şöhratly taryhynyň nyşanydyr. Bedewiň çarpaýa galyp, öňe okdurylmagy depginli ösüşlerimizi aňladýar. Bedewiň galanyň depesinde üç gezek aýlaw etmegi halkymyzyň däp-dessurlary bilen baglydyr. 3, 7, 9, 17 sanlar türkmenler üçin mukaddesdir, çünki olar bagt getirýär. Alawyň ýakyljak ýerinde sekizburçluk ýerleşdirilip, ol Oguzhanyň ýyldyzyny aňladýar. Men Aknahy çarpaýa galdyryp, şol sekizburçluga alawy ýetirenimde, ondan ot syçrap, bedewiň şekiliniň depesine täç bolup duran ýüzärligiň keşbindäki çanakda ot ýandy. Açylyş dabarasynda halkara ýaryşlaryň ençeme gezek ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparymyz hem çykyş etdi. Topar dünýäde “behişdi” bedewlerimiziň gözelligini we ajaýyplygyny wagyz edýär. Onuň gazanan ajaýyp üstünlikleri milli at üstündäki oýunlar sungatynyň ýokary derejä ýetendigine şaýatlyk edýär. Biz ata-babalarymyzdan miras galan gadymy sungatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigine buýsanýarys. Ýaşlar bilen bir hatarda toparymyzyň iň ýaş agzalary hem uly üstünlik bilen çykyş edýärler. Olar ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Hormatly Prezidentimizi, hemmeleri “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylmagy bilen gutlaýaryn. Bu oýunlar ýurdumyzyň beýik gazananlaryny, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, parahatçylyk söýüjiligini alamatlandyrýar.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow