Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Aşgabat 2017” oýunlary - “Türkmenistan Sport” žurnalynyň esasy mowzugy
Jemgyýet
“Aşgabat 2017” oýunlary - “Türkmenistan Sport” žurnalynyň esasy mowzugy
Çap edildi 13.09.2017
2276

“Türkmenistan Sport” žurnalynyň nobatdaky sany 17-nji sentýabrda paýtagtymyzda badalga alýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanandyr. Bu döwürleýin neşiriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymynyň sözleri we sazynyň notasy bilen açylýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu aýdym öňde boljak ägirt uly sport baýramynyň senasy hökmünde saýlanyp alyndy. Bu saz eseriniň ruhlandyryjy sözleri hem-de sazy türkmenistanlylaryň birnäçe ýylyň dowamynda iri möçberli ýaryşlaryň geçirilmegine nähili ýokary derejede we ruhubelentlik bilen taýýarlyk görendiklerini açyp görkezýär. Aziýa oýunlary ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň artmagyna, Türkmenistanyň halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan goşandyny äşgär etmäge ýardam berer. “Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdudyr” atly umumy sözbaşy bilen berilýän makalalar toplumynda hem bu barada gürrüň berilýär. Olar milli Liderimiz tarapyndan Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasatynyň möhüm ugry bolan halkara sport hereketini ösdürmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli çäreleri beýan edýär. Bu mesele neşiriň ilkinji sahypalarynda çap edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara kongresinde eden çykyşynda binýatlaýyn häsiýete eýe boldy. “Türkmenistanyň sport diplomatiýasy: hoşniýetliligiň we parahatçylyksöýüjiligiň, dostlugyň we belent ruhuň dabaralanmagy” diýen makalada hem bu pikir öňe sürülýär. Onda ýurdumyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetli syýasat barada gürrüň berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň sebitde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirýän ilkinji döwlet hökmünde saýlanyp alynmagyna mümkinçilik berdi. Bu bölümde okyjylar Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen dabaralar barada maglumatlar hem-de V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň we 10 günüň galmagy mynasybetli guralan çäreler bilen tanşyp bilerler. Žurnalda Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegine taýýarlygyň görnüşi barada giň syn berilýär. Ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigi, Olimpiýa şäherçesiniň desgalary we olaryň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilenleri hakynda aýdylýar. Okyjylar türkmen sportunyň ösüşindäki ähmiýetli wakalar, oýunlaryň maksatnamasyna girýän sportuň dürli görnüşleri hem-de ýurdumyzyň türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanan ýeňişleri baradaky maglumatlary alyp bilerler. 2013-nji ýyldan başlap türkmen sportunyň gazananlary ýörite çyzgy arkaly görkezilýär. Ol türgenlerimiziň soňky ýyllarda halkara ýaryşlarynda eýe bolýan dürli derejeli medallarynyň birnäçe esse köpelendigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilýär. Aşgabat şäherinde onlarça ýurtlaryň we iri guramalaryň gatnaşmagynda belli ugur boýunça geçirilýän ýörite maslahatlar bu hyzmatdaşlygyň täsirli guralydyr. Makalalary ýazanlar V Aziýa oýunlarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen bu wakanyň sport ulgamynyň çäginden çykýandygyny adalatly belleýärler. Aziýa oýunlarynyň köpugurly netijeleri eýýäm häzirki wagtdan döwletimiziň durmuşyna täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, neşirde öňde boljak uly sport wakalary bilen baglanyşykly meseleleriň ählisi beýan edilýär. Bu işler sportuň wagyz edilmegine, meýletinçilik hereketiniň ösdürilmegine, oýunlaryň nyşanlaryny ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümlerinde peýdalanylmagyna gönükdirilendir. Sportuň aýry-aýry görnüşleriniň saglyk üçin peýdalydygy we beýlekiler barada geçirilýän wagyz-nesihat çäreleridir. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň belli türgenleri, kino sungatynyň wekilleri, ýazyjylar, dürli ugurlar boýunça hünärmenler çykyş edýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de howandarlygynda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan milli atşynaslygy gaýtadan dikeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler okyjylary gyzyklandyrar. At üstünde çykyş edýän belli türkmen jigitleri hem “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizilen konkur boýunça bäsleşiklerde ýurdumyzyň sport abraýyny belende götererler. Şunuň bilen baglylykda, atly gezelenç etmegiň adam saglygyna oňyn täsir edýändigi baradaky makalany ýatlamak bolar. Döwürleýin neşiriň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalardan dünýäniň dürli ýurtlarynda Aziýa oýunlarynyň geçirilişiniň taryhy, Aşgabat oýunlarynyň maksatnamasy, soňky ýyllarda futbol oýnunyň hem-de beýlekileriň kadalaryna girizilen üýtgeşmeler hakynda maglumatlary bilip bolar. Ýurdumyzyň myhmanlary üçin uly bolmadyk sözlükde türkmen, rus we iňlis dillerinde has ýygy-ýygydan ulanylýan jümleler getirilýär. Žurnalyň bu sanynyň suratlar bilen ajaýyp bezelendigi onuň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Neşiriň täze sanynda köp sanly fotosuratlar çap edilýär, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwletimiziň durmuşynyň strategiki ugruny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly dürli taraplaryny beýan edýär. Bu syýasat milletimiziň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine gönükdirilendir. Makalalar türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýär. unuň özi okyjylaryň sanynyň has artmagyna ýardam berýär.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow