Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli puluň we ýadygärlik teňňeleriň täze görnüşleri
Jemgyýet
Milli puluň we ýadygärlik teňňeleriň täze görnüşleri
Çap edildi 11.09.2017
2822

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manada deň bolan banknotlaryň täze 2017-nji ýylyň modifisirlenen nusgalaryny, şeýle hem her haýsynyň hümmeti 100 manada deň bolan “Aşgabat Olimpiýa stadiony” atly altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullaryny dolanyşyga çykardy. Ýurdumyzyň Merkezi bankynda geçirilen metbugat maslahatynda habar berlişi ýaly, banknotlaryň ýüz taraplarynyň reňki we şekili öňki durkunda saklanyp, olaryň hemmesinde “Aşgabat 2017” oýunlarynyň nyşany şekillendirilen. Banknotlaryň arka tarapynda Aşgabat şäherinde täze gurlan Halkara howa menzili, “TürkmenÄlem 52oE “emeli hemrasy we paýtagtymyzda öňde boljak giň möçberli sport ýaryşlary mynasybetli bina edilen käbir desgalar şekillendirildi. 2017-nji ýylyň nusgasyndaky milli banknotlaryň gorag alamatlarynyň güýçlendirilmegi olaryň häsiýetli aýratynlyklarydyr. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany ýörite goragly çap etme usulynda ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, reňkini üýtgedýän ýörite boýag bilen ýasalan nominal san 1 we 5 banknotlarda täze çap etme usulynda, uly nominallarda täze kämil Spark® Live boýagynyň Dýuna — küşt tagtasy görnüşinde ýerine ýetirildi. Banknotlaryň ýüz tarapynda onuň çap edilen senesi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilýesi görkezildi. Bu banknotlar ýurdumyzyň ähli çäklerinde eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan işine garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça kabul edilmäge degişlidir. Merkezi bankyň 2009-njy, 2012-nji we 2014-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde güýjüni saklaýar. Pul serişdeleriniň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin bäşden az bolmadyk gorag alamatlaryny barlamak zerur bolup durýar. Olar baradaky maglumatlar bilen ýurdumyzyň Merkezi bankynyň Internet sahypasynda tanşyp bolýar. Olar şu sahypada: http://www. cbt. tm ýerleşýär. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Merkezi banky öňde boljak taryhy ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli nobatdaky ýadygärlik şaýy pullaryny çykardy. Munuň özi millionlarça adama Türkmenistany parahatçylygyň, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýurdy hökmünde görkezmäge gönükdirilen anyk çärelerdir. “Aşgabat Olimpiýa stadiony” atly ýadygärlik şaýy pullar toplumy Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň “The Royal Mint Limited” zikgehanasynda ýasaldy. Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde Aşgabat Olimpiýa stadionynyň şekili ýerleşdirildi. Pullaryň ýüz tarapynyň ýokarky böleginde “ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY” diýlen ýazgy, aşaky böleginde bolsa “AŞGABAT OLIMPIÝA STADIONY” diýlen ýazgy ýerleşdirildi. Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezi böleginde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirildi. Onuň daşyndan pullaryň ýokarky böleginde aýlaw bilen “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýlen ýazgy, aşaky böleginde bolsa “ÝÜZ MANAT” ýazgysy ýerleşdirildi. 38,61 millimetr diametrde ýasalan ýadygärlik şaýy pullaryň mähegi — altyn pulunda Au 916,7 we kümüş pulunda bolsa Ag 925 görkezildi. Ýazgylar öz aralarynda sekiz burçly ýyldyz görnüşindäki şekiller bilen bölünen. Olara goşulýan ýurdumyzyň Merkezi bankynyň güwänamasy şaýy pullaryň “pruf” hilini kepillendirýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň Merkezi bankynyň ozal çykaran şanly seneler mynasybetli ýadygärlik şaýy pullarynyň üstüni ýetirmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nobatdaky nyşanyna öwrüler. Bu gymmatly numuzmatik toplumyň üstüni ýetiren täze pullar we ýadygärlik şaýy pullary ýurdumyzyň ilatynyň buýsanjy bolmak bilen, köp sanly daşary ýurtly pul ýygnaýjylar hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň myhmanlary üçin ajaýyp sowgat bolar.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow