Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň taryhy ähmiýetini belledi
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň taryhy ähmiýetini belledi
Çap edildi 07.09.2017
2244

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlaryna on gün galmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. Irden döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine, “Sport” myhmanhanasyna geldi. Bu ýere Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, giň sport jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köpsanly myhmanlar ýygnandylar. Bu ýerde teleköpri guraldy, ol Olimpiýa şäherçesine “Galkynyş” käni bilen baglaşdyrdy, şol ýerde Oýunlaryň alawy ýakylar. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryň taryhy ähmiýetini belledi. 7 ýyl öň Türkmenistan döwletimiz V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe boldy. Elbetde, geçen şu döwrüň her aýy, her ýyly Garaşsyz döwletimiziň halkara sport abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän möhüm wakalar bilen şöhratlandy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 500 gün galanda gadymy Nusaý galasyndan deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berildi. Atly ýigitlerimiz güneşli Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda bolup, üstünlikli ýöriş etdiler. Şu gün bolsa, bu taryhy ýörişe gatnaşýan atly ýigitlerimiz Mary welaýatyndan Aziýa oýunlarynyň alawyny alyp, Aşgabat şäherine ýola düşerler. Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyndaky dünýäde belli, iň uly gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» ojagyndan V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmaga Ak pata berdi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow