Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Sport üstünliklerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek bäsleşigi jemlendi
Jemgyýet
Sport üstünliklerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek bäsleşigi jemlendi
Çap edildi 06.09.2017
2223

Bäsleşige ussat žurnalistler — merkezi we welaýat habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ştatdan daşary awtorlar — nebitçiler, gazçylar, mugallymlar, talyplar we beýlekiler gatnaşdylar. Gazetde çap etmek üçin işleriň 50-si-Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe — sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlaryny beýan edýän makalalar, fotoreportažlar, goşgular seçilip alyndy. Şu gün redaksiýanyň işgärleriniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň, “Nebitgazhyzmat” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň hem-de myhmanlaryň gatnaşmagynda bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, milli telewideniýäniň, “Türkmenistan” hem-de “Biznes Reklama” gazetleriniň, “Zenan kalby” žurnalynyň žurnalistleri, şeýle hem nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň we ýaşlar guramasynyň işgärleri, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary bar. Bäsleşigiň ýeňijileri hormat hatlary we baýraklar — döwrebap planşetler, smartfonlar we sagatlar bilen sylaglandylar, olary V Aziýa oýunlarynyň resmi hemaýatkäri bolan “DragonOil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy üpjün etdi. Şanly senäniň-“Nebitgaz” hepdelik gazetiniň birinji sanynyň çap edilmeginiň 6 ýyllygynyň hormatyna redaksiýanyň iň gowy işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow