Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Internet ulgamyndaky şahyrana ýaryşyň netijeleri yglan edildi
Jemgyýet
Internet ulgamyndaky şahyrana ýaryşyň netijeleri yglan edildi
Çap edildi 28.08.2017
2501

Merkezi serkerdeler öýünde “Juwanlygyň joşguny” şahyrana bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşigi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli goşun” žurnaly gurady. Şeýle resmi bäsleşik Internet ulgamynyň çäklerinde ilkinji gezek geçirildi, onuň ýeňijileri bolsa onlaýn ses bermek arkaly kesgitlenildi. Bäsleşige 50 eser hödürlenildi, olaryň awtorlary Türkmenistanyň dürli künjeklerinden bolup, goşgular “Milli goşun” žurnalynyň Internet ulgamyndaky resmi sahypasynda çap edildi. Düzgün boýunça ilkinji üçlük internet ulanyjylar tarapyndan kesgitlendi, dördünji orny bolsa “Milli goşun” žurnalynyň döredijilik kollegiýasy kesgitledi. Birinji orna Balkanabat şäherinden Ilaman Weliýewiň “Watan” goşgusy mynasyp boldy, oňa Internetden peýdalanyjylaryň 4068-si ses berdi. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Beggeldi Babahanow “Guwanýaryn saňa ata Watanym” atly şygry bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orna paýtagtymyzyň ýaşaýjysy Rüstem Hojageldiýew “Türkmendir” diýen goşgusy üçin mynasyp boldy. Redaksion kollegiýa dördünji orny Köneürgenç şäherinden Aşyr Hanowa “Watan” atly goşgusy üçin berdi. Ýeňijiler häzirki zaman ykjam telefonlary hem-de “Aşgabat-2017”-niň Oýunlarynyň nyşanlaryna beslenen sport eşikleri bilen sylaglanyldy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow