Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
V Aziýa oýunlarynyň ody 7-nji sentýabrda «Galkynyş» gaz käninde ýakylar
Jemgyýet
V Aziýa oýunlarynyň ody 7-nji sentýabrda «Galkynyş» gaz käninde ýakylar
Çap edildi 25.08.2017
2255

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler. Bu baradaky meselä hökümetiň mejlisinde garaldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, 7-nji sentýabrda, ýagny V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galanda bu möhüm waka bagyşlanan ýene-de ençeme çäreleri geçirmelidigini belledi. Şol gün «Galkynyş» gaz käninde Aziadanyň mukaddes ody ýakylar we Aşgabada, V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşyna getiriler. Şol gün irden Aziýa oýunlaryna gatnaşjak türgenler bilen duşuşyp, olara bu ýaryşlarda üstünlikleri arzuw etmek maksat edinilýär. Şol ýerde Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän, dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň hem-de paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki sportuň suw görnüşleri merkeziniň bu Kitaba girizilendigi hakyndaky güwänamalaryň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow