Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
Jemgyýet
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
Çap edildi 17.08.2017
2182

Şu gün türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar. Gurban baýramynyň sahawatly günlerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän türkmenistanlylaryň 160-sy bütin dünýäden bolan zyýaratçylaryň millionlarçasy bilen bir hatarda, Mekgede we Medinede mukaddes dessurlary berjaý ederler. Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň hem-de onuň egindeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine, dünýä belli metjitlere we şäheriň beýleki mukaddes ýerlerine zyýarat ederler. Olar haj parzynyň berjaý ediljek ýerinde –Mekgede musulman ymmatynyň Zem-Zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly esasy mukaddesliklerine togap edip, mukaddes Käbäniň –Gara daşyň daşyndan aýlanarlar. Düýn Aşgabatda din işgärleriniň, zyýaratçylaryň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesiniň wekilleriniň maslahaty boldy. Onda geljekki çäräniň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow