Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Goňurdepede gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan bezeg böleklerini abatlamak we muzeý gymmatlygy derejesine ýetirmek işleri tamamlandy
Medeniýet
Goňurdepede gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan bezeg böleklerini abatlamak we muzeý gymmatlygy derejesine ýetirmek işleri tamamlandy
Çap edildi 14.08.2017
3427

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Medeni mirasy saklamak boýunça ABŞ-nyň ilçi gaznasynyň” bäsleşik esasynda goldaw bermeginde ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri rejeleýjileriniň nobatdaky taslamasynyň jemleýji dabarasy boldy. Şu ýyl bu düzümiň godaw bermeginde bürünç eýýamynyň ýadygärligi bolan Goňurdepede gazuw-agtaryş işleri netijesinde, birnäçe ýyl mundan ozal tapylan ajaýyp bezeg böleklerini abatlamak we ony muzeý gymmatlygy derejesine ýetirmek işleri tamamlandy. Belli arheolog, akademik Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky topar bu bahasyz gymmatlyklary paýtagtymyzyň çeperçilik muzeýine tabşyrdy. Üç ýylyň dowamynda gadymy sungatyň täsin serişdelerini saklamak we ilkibaşky keşbine getirmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Bu bezeg we toplumlaýyn gurnama ähmiýeti bolan serişdeler Gadymy Gündogar sungatynda deňsiz-taýsyz hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem olaryň tapylmagy, hakykatdan-da, ylmy açyş bolup durýar. Goňurdepe häzirki wagtda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda iň belli arheologik ýadygärlikleriň biri hasaplanylýar. Ol ýerde 4 müň ýyla golaý mundan ozal gadymy döwlet bolan hem-de Misopatamiýa, Müsür, Hindistan we Hytaý ýaly ýurtlar bilen bir hatarda, dünýä ösüşiniň 5 ojagynyň biri hökmünde ykrar edilen gadymy döwlet – Marguş ýurdunyň iri söwda hem-de medeni merkezi bolupdur. Goňurdepeden tapylan, biziň eýýamymyzdan ozalky üçünji asyryň ahyrlaryna, ikinji asyryň başlaryna degişli binanyň daşky bezegleriniň, amaly-haşam sungatynyň bölekleriniň şalaryň guburlarynyň içki bezegleri üçin ulanylandygy äşgär edildi. Bu tapyndylar bürünç eýýamynda ýaşan gadymy pederlerimiziň medeni ösüşiniň derejesine göz ýetirmäge we bu babatdaky ylmy has-da baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Goňurdan tapylan gubur daşlarynyň bölekleri biziň döwrümize köpsanly aýry-aýry serişdeler görnüşinde gelip ýetipdir. Olaryň köp öwüşginli aýratynlyklary ylmy taýdan öwrenilende hala salynýan nagyşlara meňzeşdigi aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem arheologlar birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda bürünç gap-çanaklaryň arasynda galyp, şonuň netijesinde biziň günlerimize gelip ýeten gadymy matalaryň böleklerini ýüze çykardylar. Degişli usullaryň we seljermeleriň netijesinde bu önümleriň döwri kesgitlenildi. Bu maglumatlar ýurdumyzda dokma senagatynyň gadymylygy barada däl, eýsem, halyçylyk sungatynyň dörän ýerleri barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu gün açylan sergide görkezilýän gymmatlyklaryň ýene bir böleginde Goňurdepeden tapylan täsin şekiller özüne çekýär. Olaryň hatarynda bize belli bolan we ýabany haýwanlaryň toparlarynyň şekilleri janlandyrylypdyr. Bir tarapdan ýylanlar, aždarhalar, möjekler, gaplaňlar, beýleki bir taraplan bolsa geçiler, dag tekeleri, sugunlar, towşanlar, balyklar gadymy döwrüň Ýagşylyk bilen Ýamanlygynyň arasyndaky göreşi janlandyrýar. Alymlaryň pikirine görä, haýwanat dünýäsi barada gürrüň berýän köpsanly şekiller ýylyň pasyllarynyň çalşygyny – ýazyň gelmegini we nowruzyň dabaralandyrylmagyny alamatlandyrýar. Şunuň ýaly şekiller Margiananyň köpsanly möhürlerinde we beýleki serişdelerinde janlandyrylypdyr. Şeýle hem sergide gadymy marguşlaryň arasynda belli bolan mifleriň özboluşly ugurlary görkezilýär. Tapylan bezeg serişdelerini dikeltmek we saklamak işlerini Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň abatlamak döwlet ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň goldaw bermeginde “Gadymy Merw” we “Abiwert” döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işgärleri ýerine ýetirdiler. Bu seýrek gymmatlyklary görkezmek üçin muzeýiň gadymy sungat zalynda Goňruň “şa aramgählerini” ýatladýan şekildäki ýörite ýapyk bölüm döredildi. Ýokarda agzalan gaznanyň goýberen serişdesi esasynda muzeý işgärleriniň bu işleri ýerine ýetirmegi arheologik tapyndylary saklamaga, taryhy binalary, muzeý gymmatlyklaryny, gadymy golýazmalary, seýrek duş gelýän metbugat neşirlerini abatlamaga, sazyň, tansyň we diliň däp bolan görnüşlerini resmileşdirmäge gönükdirilen daşary ýurt taslamalaryna goldaw bermäge amerikan hökümetiniň berýän kömeginiň netijesidir. Türkmenistanda bu gazna 20-den gowrak taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdy. Olaryň üçüsi Şekillendiriş sungaty muzeýinde amala aşyryldy. Goňyr bezeg serişdelerinden başga-da, Sarahsyň çäginde ýerleşýän we mundan bir ýarym müň ýyla golaý öň bolan Mele Heýran zoroastrizm metjidiniň bitewi bezeg serişdelerini saklamak, XV asyra degişli Änewdäki Seýit Jemalleddin metjidiniň daşky bezeg serişdelerini abatlamak işleri ýerine ýetirildi. Bu taslamanyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen dabarada çykyş eden ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Allan Mastard ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri rejeleýjileriniň işine ýokary baha berdi hem-de milli gymmatlyklary goramak işinde uly üstünlik arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow