Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
17-nji awgustda “Awtoulagsyz gün” diýen at bilen ekologiýa çäresi geçiriler
Jemgyýet
17-nji awgustda “Awtoulagsyz gün” diýen at bilen ekologiýa çäresi geçiriler
Çap edildi 11.08.2017
2206

Iri möçberli çäre Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagyna bagyşlandy. Aşgabat şäher häkimliginde TDH-a habar berişleri ýaly, penşenbe güni 17-nji awgustda ir sagat 7-den agşamara sagat 7-ä çenli paýtagtymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Hususy awtoulag serişdelerini paýtagtymyzyň üsti açyk we ýapyk duralgalarynda goýmak zerurdyr, şäheriň köçelerinde bolsa diňe jemgyýetçilik awtoulagy hereket eder. Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen Türkmen gawunynyň güni mynasybetli dabaralaryň şol güne geçirilmegi hem öňde boljak wakalaryň ähmiýetini artdyrýar. 17-nji awgustda durmuş ähmiýetli täze binalaryň, nebitgaz toplumynyň desgalarynyň, Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň açylyş dabaralarynyň, türkmen gawunynyň sergisiniň, “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň tagamlarynyň halkara sergisiniň hem-de gala-konsertiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow