Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Merkezi banky Aziada-2017-niň hormatyna ýadygärlik şaýylaryny çykardy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Merkezi banky Aziada-2017-niň hormatyna ýadygärlik şaýylaryny çykardy
Çap edildi 10.08.2017
3028

Türkmenistanyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy. Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde öňümizdäki Oýunlaryň nyşanynyň şekili ýerleşdirildi. Nyşanyň aşaky sag böleginde “Türkmenistan Aşgabat 2017” diýlen filigran ýazgysy, nyşanyň sag tarapy boýunça “5th Asian Indoor & Martial Arts Games” diýlen ýazgy şekillendirilendir. Pullaryň ýüz tarapynyň ýokarky böleginde aýlaw bilen “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary” diýlen ýazgy, aşaky böleginde bolsa “Aşgabat 2017” diýlen ýazgy ýerleşdirildi. Şaýy pullaryň arka tarapynyň merkezi böleginde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilip, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde aýlaw bilen “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýlen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň nominalyny görkezýän “ÝÜZ MANAT” diýlen ýazgy şekillendirilen. Ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi görkezildi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow