Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzdaky Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze Saglyk öýi açyldy
Jemgyýet
Paýtagtymyzdaky Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze Saglyk öýi açyldy
Çap edildi 21.07.2017
2566

Aşgabadyň gür ilatly ýerinde ulanmaga berlen Saglyk öýi maşgala lukmanlary hem-de beýleki hünärmenler we zerur bolan işgärler bilen üpjün edildi. Ol keseli anyklaýyş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Saglyk öýi maşgala lukmançylygy, enjamlar arkaly anyklaýyş, aýallara maslahat beriş, hirurgiýa, stomatologiýa, fiziobejeriş, bejeriş-bedenterbiýe, barlaghana we gündizki hassahana bölümlerinden ybaratdyr. “Siemens”, “Storz”, “Olimpus”, “Human”, “Sirona”, “Beka” we “Physiomed” ýaly lukmançylyk tehnikasyny öndürmek ulgamynda öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary tehnologiýaly abzallary we enjamlary hünärmenleriň ygtyýaryndadyr. Bu ýere gelýänleriň gysga möhletiň içinde zerur bolan maslahatlaryň ählisini almaga we barlagdan geçmäge, soňra bolsa häzirki zamanyň derejesinde bejergi almaga mümkinçiligi bardyr. Bu çäreleriň ählisi bir saglyk öýüniň çäklerinde amala aşyrylýar. Täze saglyk öýüniň işgärleri fito-bar hem guradylar. Onda näsaglara dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaý we dürli içgiler hödürlenilýär.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow