Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Saglyk-2017” halkara sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan kompaniýalaryň 245-si gatnaşýar
Jemgyýet
“Saglyk-2017” halkara sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan kompaniýalaryň 245-si gatnaşýar
Çap edildi 21.07.2017
2364

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça ylmy maslahat guraldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp her ýyl geçirilýän foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem 12 döwletden meşhur alymlar, professorlar we lukmanlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň guramalaryndan we kärhanalaryndan başga-da Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýanyň ýurtlaryndan kompaniýalaryň 245-si – lukmançylyk maksatly tehnikalary we önümleri, derman serişdelerini öndürijiler, keseli anyklaýyş we bejeriş babatda täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar öz önümlerini görkezdiler. Sergide ilkinji gezek türkmen bazaryna çykmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň 17-siniň wekilleri öz harytlaryny hödürlediler. Sergi barlaghana we keseli anyklaýyş enjamlary, lukmançylyk enjamlary hem-de serişdeleri, optika we oftalmologiýa, reanimasiýa, intensiw terapiýa we anesteziýa, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, stomatologiýa ýaly ugurlary we beýlekileri birleşdirdi. Forumyň çäklerinde, däp bolşy ýaly, alymlaryň we hünärmenleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ýörite ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda tejribe alyşmak arkaly giň möçberli işjeň we ylmy maksatnama guraldy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow