Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara umman instituty Hazarýaka ýurtlarynyň hünärmenleri üçin Aşgabatda okuw geçirýär
Jemgyýet
Halkara umman instituty Hazarýaka ýurtlarynyň hünärmenleri üçin Aşgabatda okuw geçirýär
Çap edildi 17.07.2017
2775

Türkmen paýtagtynda “Deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmak” atly 5 günlük okuw geçirilýär, ony Halkara umman instituty (International Ocean Institute - IOI) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy bilen bilelikde guraýar. Ähli Hazarýaka döwletleriniň hünärmenleri, ýurdumyzyň deňiz giňişliklerini we kenarýaka çäklerini meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda tebigy serişdeler, balyk hojalygy, syýahatçylyk, ulag, deňiz serişdelerini işläp taýýarlamak, şeýle hem Hazar deňzinde pudagara utgaşdyrmak işleri bilen meşgullanýan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri okuwlaryň diňleýjileri boldular. Okuwa gatnaşyjylar bu okuwyň tejribe babatynda uly ähmiýetini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hazar deňziniň meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin aýratyn hoşallyk beýan edildi. Okuwyň ýokary guramaçylyk derejesi bellenildi, onuň dowamynda möhüm wezipeler hem-de sebitiň durnukly ösüşiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. “Deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmak” atly interaktiw okuwy Durnukly ösüş we Hazar deňzini dolandyrmak boýunça bilim maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär we deňiz hem-de kenarýaka zolaklaryň meýilnamalaşdyrylmagyna ekoulgamlaýyn çemeleşmek esaslarynda guralandyr, ol iş ýüzündäki wezipeleri öz içine alýar. Sebitleýin taslama Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan gatnaşýar. Bu okuw deňiz we kenarýaka ekoulgamlaryna düşünmek bilen baglanyşykly deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmakda iş usullarynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Kenarýaka zolaklarynda we deňizde iş geçirilende dürli edaralaryň bähbitleriniň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna diňleýjileriň aýratyn ünsi çekildi. Okuwyň wezipeleri seljermek işleriniň kämilleşdirmekden, gepleşikleri alyp barmagyň, bu mesele boýunça jemagat öňünde çykyş etmegiň “tehnologiýalaryny” özleşdirmekden ybaratdyr.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow