Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda ýaşlary ýokary okuw mekdeplere kabul etmegiň möçberi artdyryldy
Jemgyýet
Türkmenistanda ýaşlary ýokary okuw mekdeplere kabul etmegiň möçberi artdyryldy
Çap edildi 10.07.2017
9999

Ýurdumyzda ýokary hem-de orta hünär mekdeplerine resminamalary kabul etmek çäreleri başlandy. Bu çäräniň ilkinji güni işjeň häsiýete eýe boldy. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň täze bilimleri, hünär ussatlygyny ele almaga, ýurdumyzyň intellektual we ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan ägirt uly wezipeleriň çözülmegine goşantlaryny goşmagy arzuw edýändikleriniň subutnamasydyr. Resminamalary kabul etmek işleriniň öňüsyrasynda ýaşlaryň, mekdepleriň uçurymlarynyň arasynda köpçülikleýin düşündiriş işleriniň geçirilendigini bellemek gerek, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine bagyşlanan telegepleşikler, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen makalalar bu işlere gönükdirilendir, şeýle hem “Açyk gapylar” günleri geçirildi. Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz okuwlara kabul etmek işleriniň ýokary derejede, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, ýokary okuw mekdeplere, hakykatdan-da, başarjaň we zehinli ýaşlaryň girmelidigine hem-de okamalydygyna aýratyn ünsi çekdi. Täze, 2017—2018-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplere jemi 8 müň 308 talyby kabul etmek meýilleşdirilýär, munuň özi geçen ýyldakydan 1052 adam (14 göterim) köpdür. Täze ýokary okuw mekdebi — Jemagat hojalygy instituty hem ilkinji gezek talyplary kabul eder. Şu ýyldan başlap onda bu ulgam üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanyp başlanylar. Orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerine, degişlilikde, 8 müň 317 we 25 müň okuwçy kabul ediler. Türkmenistana häzirki zaman bilimlerini özleşdiren, ýokary ahlakly, başarjaň hünärmenler zerur bolup durýar, olar jogapkärçilikli çözgütleri özbaşdak kabul etmäge ukyply bolmalydyrlar, işjeňligi, maksada okgunlylygy bilen tapawutlanmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde, dünýäde intellektual we tehnologiýa bäsdeşliginiň ösen zamanasynda ýokary hilli bilimiň kesgitleýji şert bolup durýandygyny, onuň ýurdumyzyň döwür bilen aýakdaş hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmelidigini belleýär. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, olarda täze hünär ugurlarynyň açylmagy, tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman mekdepleriniň we çagalar baglarynyň açylmagy, okuw işleriniň kompýuterleşdirilmegi bu ugurdaky möhüm ädimlerdir. Şunda bilimi ösdürmegiň täze milli doktrinasynyň esasyny ruhy gymmatlyklary, ýurdumyzyň tejribesini hem-de bu ulgamda dünýäde gazanylanlaryň utgaşdyrylmagy düzýär. Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde ýokary okuw mekdeplere, şeýle hem orta hünär mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet we maliýe-ykdysady ugurlary boýunça resminamalar 26-njy iýula çenli kabul ediler, giriş synaglary bolsa 30-njy iýuldan 22-nji awgusta çenli dowam eder. Hojalyk hasaplaşygynda işleýän başlangyç hünär okuw mekdepleriniň ýigrimisinde resminamalary kabul etmek işleri 17-nji awgustda tamamlanar. Giriş synaglary bolsa 19—23-nji awgust aralygynda geçiriler. Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri Watanymyzyň rowaçlygydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin ýokary hilli bilim almaga, hünär saýlamaga, öz zehinini we başarnyklaryny doly açyp görkezmäge, durmuş maksatlaryny amala aşyrmaga ähli mümkinçilikler döredilendir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty, şol sanda ýurdumyzda işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny özgertmek hem-de yzygiderli ösdürmek boýunça alyp barýan iri möçberli işleri olaryň amala aşyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow