Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Howa gimnastikaçy Parahat Orazlyýew – “Aziýanyň ýaňy” festiwalynyň altyn medalynyň eýesi
Medeniýet
Howa gimnastikaçy Parahat Orazlyýew – “Aziýanyň ýaňy” festiwalynyň altyn medalynyň eýesi
Çap edildi 07.07.2017
2537

Türkmen sirkiniň wekili Gazagystanyň paýtagty Astanada 2-6-njy iýul aralygynda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” sirk sungatynyň Х Halkara festiwalynda altyn baýragy eýeledi. Bu festiwala Gazagystandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Russiýadan, Türkmenistandan, Müsürden, Monakodan, Özbegistandan, Ukrainadan, Latwiýadan, Hytaýdan akrobatlar, tanapda ýöreýänler, gözbagçylar, žonglýerler we haýwanlary eldekileşdirijiler gatnaşdylar. Biziň ýurdumyza “Gündogar ýyldyzlary” sirk oýunlary milli toparynyň artisti Parahat Orazlyýew wekilçilik etdi. Ol “Howa gimnastikasy” görnüşi boýunça üstünlik gazanmagy başardy. Emin agzalarynyň gelen netijesi bilen oňa “ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin” diýen Altyn kubok bilen birinji ýer gowşuryldy. Şeýle hem Parahat Belarus döwlet sirkiniň ýörite baýragyna mynasyp boldy. Geçen ýyl aşgabatly howa gimnastikaçysy Selbi Şyhyýewa “Aziýanyň ýaňy” festiwalynda kümüş baýraga mynasyp boldy. Türkmen artistleriniň üstünlikli çykyşlary milli sirk sungaty mekdebiniň ussatlyk derejesiniň ýokarlanýandygyny äşgär edýär. Dünýäniň abraýly sirk bäsleşiklerinde ýurdumyzyň at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan ýeňişleri watandaşlarymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Bu bolsa howa gimnastikasy ýaly görnüşde ýokary netijeleriň gazanylmagynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda sirk sungaty sazlaşykly ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Ol diňe çagalar üçin däl, eýsem ulular üçin hem söýgüli sungatyň biri bolup durýar. Munuň özi maşgala bolup dynç almagy halaýanlar üçin has-da ähmiýetlidir. Ol ähli nesilleri bir ruhy dünýä bilen baglanyşdyrýar. Sirk manežinde ýaýbaňlandyrylýan çykyşlar batyrgaýlygyň we çeýeligiň, gözelligiň we ajaýyplygyň hem-de zehiniň dabarlanýan dýnýäsine giň ýol açýar. Sirk sungatynda hem beýleki ugurlarda bolşy ýaly, terbiýeçilik ähmiýeti esasy orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi milli mirasymyzy sirk sungatynyň üsti bilen wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir. “Galkynyş” at üstündäki oýunlar topary we “Türkmen jigitleri” Watanymyzyň çäklerinden daşynda hem meşgullyk gazanyp, halkara bäsleşikleriniň köp sanly baş baýraklaryna mynasyp boldular.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow