Baş sahypa
\
Medeniýet
\
“Ruhubelentler” diýen ilkinji gezek görkezilen opera sahnasy sporta we ylhama bagyşlandy
Medeniýet
“Ruhubelentler” diýen ilkinji gezek görkezilen opera sahnasy sporta we ylhama bagyşlandy
Çap edildi 25.06.2017
2791

Ýola goýlan asylly däbe görä, opera sahna oýnunyň ilkinji gezek görkezilişi 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda döredilen Türkmenistanda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyldy. Bu sene milli sungatymyzyň taryhyna türkmen operasynyň täzeden galkynan senesi hökmünde taryha girdi. Ähli ozalky opera sahnalaryndan tapawutlylykda “Ruhubelentler” eseriniň esasyna iň döwrebap bolan Aziada-2017-ä taýýarlyk görlüşi baradaky mesele goýuldy. Sahna oýny ýaşlaryň, şol sanda talyplaryň we türgenleriň häzirki durmuşy barada gürrüň berýär. Saz häzirki zaman kompozitorlarynyň ikisiniň bilelikde işlemeginde döredildi we ilkinji gezek sahnada ýokary hünär derejeli opera artistleri hem-de döredijilik ugurly okuw mekdepleriniň talyplary ýurdumyzyň sport ulgamynyň wekilleri bilen duşuşdylar. Şunda librettony ýazan milli opera däplerine hormat goýup, operanyň mazmunyna söýgi meselesini hem goşdy. Ajaýyp hem-de joşgunly saz uwertýurasy parahatçylyga ymtylýan we dörediji türkmen halkynyň watançylygyny, zehinini we ylhamyny wasp edýän tutuş opera spektaklynyň öwüşginini artdyrýar. Sahna oýny şäher seýilgähindäki baýramçylyk sahnasy bilen açylýar, myhmansöýerlik, dostanalyk we ruhubelentlik barada joşgunly aýdym ýaňlanýar. Depginli hereket häsiýetli döwrebap äheňleri şöhlelendirýär. Ol bolsa ýurdumyzyň iri sport forumyna taýýarlygyny beýan edýär. Onuň gahrymanlarynyň hersi öňde boljak Aziadanyň ýaryşlaryna gatnaşmaga taýýarlanmak bilen, sportuň aýry-aýry görnüşleri bilen meşgullanýar. Sahna eseriniň esasyna, sport tanslary we aýdymlary, aşyklar şäheri ak mermerli Aşgabada bagyşlanan çykyşlar sazlaşykly girýär. Şonuň bilen birlikde, “Ruhubelentler” operasynyň awtorlary onda häzirki döwri taryh bilen birleşdiripdirler. Geçmişe degişli wakalary Görogly we onuň Gyraty barada gürrüň berýän sahnalarda synlamak bolýar. Türkmen halkynyň hakyky medeni gymmatlygy bolan ahalteke bedewi bu oýunda hereket edýän gahryman, ýagny, päsgelçilikden böküp geçmek boýunça ýaryşlara gatnaşyjy hökmünde hem, ähli sahnalarda hemişe bar bolan keşp-nyşan hökmünde-de çykyş edýär. Däp boýunça söýgi wakalary beýan edilýär. Aşyk-magşuklar ähli synaglardan abraý bilen geçýärler. Bu hem meşhur şadessanyndaky Göroglynyň we Agaýunusyň keşplerine ýüzlenmek bilen nygtalýar. Hereketlere baý bolan täze spektaklyň saz dramaturgiýasynda uly sahnalaryň mümkinçilikleri giňden peýdalanylyp ulanylypdyr, opera ýaýbaňlandyrylan hor we horeografiýa wakalaryna baýdyr. Sazlar depginli bolup, aram-aram heňi taýdan milli halk döredijiligine ýakyndyr hem-de ýatda galyjy aýdyň ýüze çykýan häsiýetleriň birnäçesini özünde jemleýär. Döredijilik toparyna ýurdumyzda ilkinji gezek şeýle ýokary halkara derejesindäki sport ýaryşlaryny kabul etmäge taýýarlyk görýän türkmenistanlylaryň biziň günlerimiz üçin häsiýetli bolan joşgunyny bermek başardypdyr. Köpugurly sahna bezegleri hem biziň iş günlerimiziň we baýramçylyklarymyzyň depginli häsiýetini ýüze çykarýar. Döredijilikli güýje beslenen köpçülikleýin dabara sahnasy opera spektaklyny jemleýär. “Biz taýýardyrys, Biz taýýardyrys Aziada!” diýen jemleýji aýdym ýaňlanýar.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow