Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde sergiler guraldy, sahna eserleri görkezildi
Medeniýet
Aşgabatda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde sergiler guraldy, sahna eserleri görkezildi
Çap edildi 23.06.2017
2616

Aşgabatda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde sergiler guraldy, sahna eserleri, kinofilmler görkezildi hem-de konsertler guraldy. Şekillendiriş sungaty muzeýinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi açyldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabarada şu gezekki gözden geçirilişiniň milli sungatymyzy giňden wagyz etmek, ýaş türkmenistanlylary watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda ähmiýeti nygtaldy. Diwarlyklarda suratkeşleriň eserleri, zergärçilik önümleri, heýkeltaraşlyk we kulalçylyk eserleri, milli lybaslaryň nusgalary, halylar hem-de haly önümleri görkezilýär. Türkmen döwlet gurjak teatrynda guralan çagalar baýramçylygy milli zehinleriň çäksiz çeşmesiniň aýdyň subutnamasy boldy. Teatryň sahnasynda “Nesilleriň joşguny” döredijilik topary öz maksatnamasyny görkezdi, joşgunly aýdym-sazly tanslar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. “Watan” kinokonsert merkezinde “Magtymguly” kinofilmini döredijiler bilen duşuşyk hem-de filmiň görkezilişi boldy. Agşam sahna sungatyna sarpa goýýanlar Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda goýlan “Görogly we Agaýunus” sahna oýnunyň görkezilişine çagyryldy. Türkmen paýtagtynda ýaýbaňlandyrylan döredijilik çärelerinde agşamlaryna adamlaryň has-da köp ýygnanýan ajaýyp seýilgählerinde we seýilbaglarynda gurnalan açyk sahna meýdançalary işjeň peýdalanyldy. Şu gün Abadan etrabynyň merkezi seýilgähinde Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary aýdym-sazlaryň ajaýyp heňlerinden lezzet aldylar. Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň baýramçylyk çäreleri Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezindäki konserti bilen tamamlandy.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow