Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
„Türkmenistan awiakompaniýasy“ ÝGPJ Aşgabat-Duşanbe-Aşgabat aralygyna täze howa gatnawyny açmaga taýýarlanýar
Jemgyýet
„Türkmenistan awiakompaniýasy“ ÝGPJ Aşgabat-Duşanbe-Aşgabat aralygyna täze howa gatnawyny açmaga taýýarlanýar
Çap edildi 12.06.2017
2267

Türkmen awiatorlary ýakyn wagtda dostlukly gatnaşyklar däbe öwrülen Täjigistan Respublikasy bilen yzygiderli howa gatnawyny açmagy göz öňünde tutýarlar. Howa gatnawy döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze sepgitlere çykarmagy göz öňünde tutýan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde amala aşyrylar. Duşanbä ilkinjiler bolup uçan wekilýet agzalary döwletara özara hereketi giňeltmek hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde täjigistanly hyzmatdaşlary bilen gepleşikler geçirerler. Türkmen wekilýetiniň hatarynda Senagatçylar we telekeçiler müdirýetiniň agzalary, TSTB agzalary bolan esasy kompaniýalaryň we firmalaryň ýolbaşçylary, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, syýahatçylyk firmalarynyň hünärmenleri bar. „Türkmenhowaýollary“ Gullugynyň we „Türkmenistan awiakompaniýasy“ ÝGPJ-niň wekilleri täjigistanly kärdeşleri bilen iki paýtagtyň arasynda yzygiderli howa gatnawyny ýola goýmagy gurnamak babatda awiasiýa düzümleriniň bilekdäki işe taýýarlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Duşanbä bir günlük saparyň çäklerinde türkmen wekilýetiniň agzalary täjigistanly telekeçiler, syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleri, şeýle hem ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynyň wekilleri bilen özara hereketi güýçlendirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow