Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Pekinde Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi açyldy
Jemgyýet
Pekinde Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi açyldy
Çap edildi 09.06.2017
1780

Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň ýanyndaky Söwda wekilhanasynyň binasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli serginiň açylyşy we tanyşdyryş çäresi boldy. Ýurdumyzyň ilçihanasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň bilelikde guramagynda geçirilýän foruma daşary ýurtlaryň HHR-de işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Hytaýyň jemgyýetçilik guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary gatnaşdylar. Sergini guraýjylar ýurdumyzyň dokma önümlerine aýratyn üns berdiler. Türkmen dokmaçylary tomusky möwsüme dynç alyş we sport bilen meşgullanmak üçin lybaslaryň täze görnüşlerini taýýarladylar. Ýurdumyzyň dizaýnçylary Ýapyk binalarlda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary ýerleşdirilen lybaslaryň görnüşlerini görkezdiler. Ýurdumyzyň telekeçileriniň halyçylyk, däp bolan senetkärçilik, amaly-haşam sungaty ulgamynda, milli sowgatlyk önümleri, şol sanda öňde boljak Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen önümleri taýýarlamakda ýeten derejesi myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Serginiň kitap bölüminde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý diline terjime edilen işleri hem-de Türkmenistanyň häzirki döwri, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, bu gün türkmen topragynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, nusgawy we häzirki zaman edebiýatynyň ugurlary barada gürrüň berýän bezegli neşirler görkezildi.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
top-arrow