Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» atly monografiýasy çap edildi
Jemgyýet
«Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» atly monografiýasy çap edildi
Çap edildi 07.06.2017
3785

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan taýýarlanylan iri ylmy monografiýa şeýle atlandyrylýar. Neşirde özygtyýarly we Bitarap döwletiň kemala gelmeginiň taryhy, Garaşsyzlygyň 25 ýyly içinde ýetilen sepgitler barada gürrüň berilýär. Monografiýa 8 bapdan we 43 paragrafdan durýanlygy ondaky meseleleriň ählisine toplumlaýyn çemeleşilendiginden habar berýär. Neşiri taýýarlaýjylar ozaly bilen, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň baý mazmunyny, onuň belent ruhuny we döredijilik mümkinçiligini açyp görkezmäge çalyşdylar. Kitapda halkyň durmuş bähbitlerini ähli gymmatlyklardan ileri tutýan Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatynyň ideologiýasynyň we baş ýörelgeleriniň esasy ugurlaryny, olaryň many-mazmunyny, häzirki döwürde olaryň durmuşda tutýan ornuny we wezipelerini düşündirmeklige aýratyn üns berildi. Kitapda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşlarynda, ýüzlenmelerinde, gutlaglarynda, interwýularynda, makalalarynda we ylmy işlerinde, hususanda, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly 9 tomluk saýlanan eserlerinde beýan edilen esasy taglymatlar giňden peýdalanylýar. Neşiriň awtorlary 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň (rejelenen görnüşi) düzgünlerinde, statistiki ýygyndylarda, gündelik metbugatyň maglumatlarynda, ylmy edebiýatda we beýleki çeşmelerde beýan edilen pikirlere salgylandylar. Neşirde Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşi, ilki bilen, döwlet Baştutanynyň kämil syýasaty we ýadawsyz işleri, watanymyzyň ykdysadyýetini güýçlendirmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, jemgyýetiň ruhy durmuşyny kämilleşdirmek, ýurdumyzy dünýäniň salgamlar ulgamyna goşmak boýunça wajyp meseleleri çözmekde bitewi, toplumlaýyn çemeleşme bilen şertlenendir diýen möhüm pikir esaslandyrylýar. Aýratyn kitap görnüşinde türkmen we rus dillerinde çap edilen monografiýa okyjylaryň giň köpçüligine niýetlenendir. Kitap okyjylara täze zamananyň taglymaty we syýasaty bilen tanyşmaga, milli Liderimiz tarapyndan halkymyzyň we her bir raýatyň öňünde goýlan wezipeleriň many-mazmunyna çuňňur düşünmäge, olary üstünlikli çözmekde özüniň anyk ornuny tapmaga ýardam eder.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
top-arrow