Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegiň wezipeleri maslahatlaşyldy
Jemgyýet
Korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegiň wezipeleri maslahatlaşyldy
Çap edildi 01.06.2017
2245

Şu gün harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň esasy meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Bellenilişi ýaly, bu Gullugyň işi korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň ýüze çykarylmagyna, olaryň öňüniň alynmagyna, üstüniň açylmagyna hem-de olary derňemek boýunça işiň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady esaslarynyň durnuklylygy, şeýle hem amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligi degişli edaralaryň işiniň oňyn häsiýete eýe bolmagyna bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, korrupsiýa garşy hereket etmek baradaky Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna üns berildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlete ýetirilen zyýan bilen baglanyşykly ykdysady jenaýatlary ýüze çykarmak, öňüni almak, üstüni açmak we barlamak täze döredilen gullugyň esasy wezipeleriniň hatarynda görkezildi. Şol bir wagtyň özünde bu düzümiň üstüne ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda hukuk bozmalaryň ýüze çykmagyny şertlendirýän sebäpleri aradan aýyrmak, şeýle hem korrupsiýa ulgamlaryny döredýän, olary goldaýan şertleri seljermek we olary aradan aýyrmaga, öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek wezipeleri ýüklendi. Maslahatyň dowamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we ýolbaşçylaryň, işgärleriň hünär derejesini we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow