Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Iýunyň baýramçylyk senenamasynda – Aziada-2017-ä 100 gün galmagyna bagyşlanan dabaralar
Jemgyýet
Iýunyň baýramçylyk senenamasynda – Aziada-2017-ä 100 gün galmagyna bagyşlanan dabaralar
Çap edildi 26.05.2017
2333

Tomus paslynyň birinji aýy Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda iýun aýynda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni, Dokma senagaty işgärleriniň güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli döredijilik we beýleki çärelere beslener. Halkara çäreleriniň çäklerinde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň hormatyna konsertler, ABŞ-nyň sirk sungatynyň artistleriniň çykyşlary hem-de beýleki çäreler guralar. Iýunuň birinji ongünlüginde “Talyp joşguny-2017” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli Mary şäherinde dabaraly atly ýörişe gatnaşyjylar bilen duşuşyk hem-de “Aziada dünýä metbugatynda” ady bilen halkara sport media-forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Iýun aýynda Aşgabatda “Türkmen dokmasy-2017”, “Beýik Ýüpek ýoly—dostlugyň-doganlygyň ýoly” atly halkara sergileri, “Söwda we hyzmatlar-2017” sergi-ýarmarkasy geçiriler. Asylly däbe görä, ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli guralýan Medeniýet hepdeligi iýun aýynyň möhüm wakasydyr. Onuň maksatnamasyna döredijilik çäreleriniň tutuş toplumy giriziler.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow