Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Merkezi saýlaw toparyň mejlisinde 21-nji maýda geçirilen deputatlaryň saýlawlarynyň netijeleri jemlendi
Jemgyýet
Merkezi saýlaw toparyň mejlisinde 21-nji maýda geçirilen deputatlaryň saýlawlarynyň netijeleri jemlendi
Çap edildi 24.05.2017
2054

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň 21-nji maýynda birnäçe saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlygyna, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşygynyň üýtgemegi bilen halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlendi. Bu gezekki mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, millii synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeeriniň işgärleri gatnaşdylar. Saýlawçylaryň ýokary işjeňligi bellenildi. Iki saýlaw okrugy boýunça Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara saýlawçylaryň sanawyna girizilen möçberiniň 91,02 göterimi gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy boýunça G.Mämmedowa, Mary welaýatynyň 106-njy “Wekil” saýlaw okrugy boýunça G.Ataýewa Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy. Milli parlamente saýlanan deputatlara şahsyýetnamalar gowşuryldy. Şu pursatdan başlap, olar ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjylyk edarasynda halkyň doly hukukly wekilleri bolup durýarlar. Welaýatlaryň etrap, şäher maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna geçirilen saýlawlara saýlawçylaryň umumy möçberiniň 90,91 göterimi gatnaşdy. Halk häkimiýet edaralaryna her orun üçin iki we ondan-da köp dalaşgäriň gatnaşmagy saýlawlaryň ýokary demokratik we bäsdeşlik derejesinden habar berýär. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda ähli saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryň geçişine gözegçiligi amala aşyran milli synçylaryň işiniň netijeliligi bellenildi. Synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw urnalarynyň açylýan pursatyna gatnaşdylar. Şýele hem olar saýlaw uçastoklarynda ses bermek çäresiniň öňüsyrasynda, onuň barşynda, sesleriň sanalýan döwründe, okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri kesgitlenende we umumy jemler jemlenende boldular.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow