Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda KHBS-niň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy
Jemgyýet
Aşgabatda KHBS-niň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy
Çap edildi 23.05.2017
2074

Aşgabatda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmegiň derwaýys meseleleri” atly iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Mejlisiň, Adalat ministrliginiň, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň häzirki zaman ykdysady nusgalary, hususy KHBS we bäsdeşlik ulgamy, maliýeleşdirmegiň, gözegçilik etmek hem-de kanunçylyk taýdan üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, olaryň işiniň döwrüň talaplaryna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren jemgyýetçilik-syýasy we demokratik ösüşiniň wezipelerine laýyk getirmek Türkmenistanyň maglumat syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň pikirine görä, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek, ony halkymyzyň ruhy-medeni däplerini nazara almak bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň milli tejribesine ornaşdyrmak KHBS-ni döwrebaplaşdyrmagyň möhüm meselesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de KHBS-niň işinde iň täze tehnologiýalary we döwrebap çemeleşmeleri ulanmak bu ugurda möhüm wezipedir.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow