Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aziada-2017-niň nyşanlary bilen bezelen awtobuslaryň 30-sy Aşgabat şäheri boýunça gatnawlara çykdy
Jemgyýet
Aziada-2017-niň nyşanlary bilen bezelen awtobuslaryň 30-sy Aşgabat şäheri boýunça gatnawlara çykdy
Çap edildi 15.05.2017
2436

Aziada-2017-niň nyşanlary bilen bezelen Koreýa Respublikasynda öndürilen “Hyundai Aero City” kysymly awtobuslaryň 30-sy Aşgabat şäheri boýunça gatnawlara çykdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany, tumary hem-de keşbi şekillendirilen häzirki zaman jemgyýetçilik ulagy paýtagtymyzyň 8,9,34, 37 we 42-nji gatnaw ugurlary boýunça hereket eder. Aziadanyň nyşanlaryny – ahalteke bedewiniň şekili, aýdyň öwüşginli tumar hem-de Wepaly atly alabaýyň suraty bilen bezelen awtobuslar ýolagçylarda baýramçylyk ruhubelentligini döreder hem-de şäheriň köçelerine özboluşly öwüşgin çaýar. “Hyundai” kompaniýasynyň “Aero City” atly uly gabaraly şäher awtobusy ýurdumyzyň şäher we şäherara gatnawlarynda giňden ýaýrandyr. Soňky ýyllarda Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan jemgyýetçilik ýolagçy ulag ulgamy üçin şeýle awtobuslaryň birnäçe ýüzüsi satyn alyndy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow