Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen zyýaratçylary Magtymguly Pyragynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähinde aýat-doga okadylar
Jemgyýet
Türkmen zyýaratçylary Magtymguly Pyragynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähinde aýat-doga okadylar
Çap edildi 13.05.2017
2216

Aktokaý obasynda ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň düzüminde Eýran Yslam Respublikasyna gelen türkmen zyýaratçylary beýik şahyrlarymyz we akyldarlarymyz bolan Magtymguly Pyragynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähinde aýat-doga okadylar. Her ýyl umumymilli baýramçylygyň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňýanynda biziň watandaşlarymyz asylly däbe görä, mukaddes ýerlere zyýarat edip, eziz Watanymyzyň görnükli ogullaryna, halkyň azat we bagtyýar döwlet hakynda arzuwlaryny beýan edenleriň hormatyna baş egýärler. Düýn zyýaratçylar beýik şahyrlaryň ata Watanynda-Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda şanly sene mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdylar. Bu ýerde Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy hem-de häzirki nesliň zehinli şahyrlaryna-beýik söz ussadynyň hormatyna geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Şygyr ussady Magtymgulynyň ganatly setirlerinde beýan eden umyt-arzuwlary, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy ugrunda mukaddes göreş, ene topraga bolan söýgi onuň goşgularynň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa, beýik şahyryň belent ynsanperwer maksatlaryna esaslanan döredijilik mirasy tutuş dünýäde millionlarça adamlaryň kalbyny joşduryp, täze güýç bolup ýaňlanýar. Şonuň üçin watandaşlarymyzyň türkmeniň beýik ogullarynyň ruhunyň eýran topragynda aram tapan ýerine baryp, däp-dessurlara laýyklykda doga okamagy şahyrlarymyzyň watan hakynda, asuda we gülläp ösýän ýurt hakynda arzuwlarynyň wysaly bolup, bu barada olar öz goşgularynda joşgunly beýan etdiler. Şu gün zyýaratçylar paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Watanymyza gaýdyp geldiler.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow