Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar boýunça öňünden ses bermek başlandy
Jemgyýet
Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar boýunça öňünden ses bermek başlandy
Çap edildi 11.05.2017
1755

Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda hem-de welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde 11-nji maýda öňünden ses bermek başlandy. Ses bermegi guramaçylykly geçirmek üçin, Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, saýlaw toparlarynyň agzalary uzak iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän, şeýle hem şuňa meňzeş käbir sebäplere görä, saýlawlar güni saýlaw uçastoklaryna gelip bilmejek saýlawçylara saýlaw uçastoklarynda öňünden ses bermek mümkinçiligini döretdiler. Häzirki wagtda okruglaryň çäginde saýlaw uçastoklarynyň jemi 255-si döredildi. Olaryň ählisi degişli enjamlar hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda ýazylan usulyýet we düşündiriş berýän edebiýatlar, kadalaşdyryjy resminamalar we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edildi. Olarda häzirki jemgyýetçilik-syýasy möwsüm barada zerur bolan maglumatlar berilýär. Saýlawlaryň kanunalaýyk geçirilişine syn etmegi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlaryň toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 300-den gowragy amala aşyrar. Olaryň hemmesine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlar bilen baglanyşykly geçirilýän işlere, saýlawlaryň öň ýanynda hem-de gönüden-göni saýlawlar güni hem saýlaw uçastoklaryna baryp syn etmek mümkinçiligi berildi. Munuň özi 21-nji maýda saýlawlaryň mundan beýläk hem açyklyk, aýdyňlyk demokratik esaslarda, giň bäsleşik şertlerinde geçirilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirer. Şeýlelikde, saýlawlara taýýarlyk işleriniň beýleki guramaçylyk işleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, şeýle hem Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermegiň-badalga alan jemgyýetçilik syýasy çäräniň bu tapgyrynyň guramaçylykly geçirilmegine ýerlerde işjeň ýagdaýda taýýarlyk görüldi. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýar.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
top-arrow