Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täze neşirde kärhanalary we guramalaryň arhiw resminamalarynyň saklanyş möhleti kesgitlenilýär
Jemgyýet
Täze neşirde kärhanalary we guramalaryň arhiw resminamalarynyň saklanyş möhleti kesgitlenilýär
Çap edildi 11.05.2017
2521

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw tarapyndan Türkmenistanyň kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň iş dolandyryşynda emele gelýän resminamalaryň birkysmy sanawy we olaryň saklanylmaly möhletleri çap edildi. Bu neşir olary saklamak möhletlerini tassyklamak arkaly resminamlaryň gymmatlygyny kesgitlemek boýunça esasy maglumat gollanmasy bolup durýar. Şeýle hem sanaw çylşyrymly seljeriş işlerini, syýasy, hojalyk, ylmy, medeni ähmiýeti bolan resminamalary saýlamak işini ýeňilleşdirýär. Munuň özi olary döwlet arhiwlerine hemişelik saklamak üçin bermekde has ähmiýetlidir. Sanawyň üsti ýetirilen neşirine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar, şol sanda resminamalaryň häzirki döwürde we geljekde ulanmak ähmiýetiniň barşynda hasabat, hasap, maliýe, işgärler we beýleki resminamalaryň saklanyş möhletlerini artdyrmak bilen baglanyşykly düzedişler girizildi. Bu iş degişli pudaklaryň sanawynyň iş- önümçilik ýagdaýyna, olaryň mysaly görnüşlerine, Baş arhiw müdirliginiň Merkezi bilermenler toparynyň çözgütlerine birnäçe görnüşli resminamalary saklamagyň möhletlerini tassyklamak ýa-da üýtgetmek ýagdaýyna geçirilen seljermeleriň netijesinde geçirildi. Bu ýygyndy derejesine, pudak ulgamynyň we eýeçiligiň görnüşleriniň möçberlerine garamazdan öz hünär işini resmileşdirýän guramalar üçin niýetlenendir. Şeýlelikde, bu neşiriň çap edilmegi pudaklaýyn arhiwlerde resminamalaryň degişli derejede saklanylmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzüminiň hiline oňyn täsir eder hem-de türkmen halkynyň gymmatly resmi mirasynyň asyrlaryň dowamynda saklanmagyny üpjün eder.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow