Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen mekdep okuwçylary Makedoniýada geçirilen matematika Olimpiadasynda bäş medala eýe boldular
Jemgyýet
Türkmen mekdep okuwçylary Makedoniýada geçirilen matematika Olimpiadasynda bäş medala eýe boldular
Çap edildi 10.05.2017
2544

Türkmenistanyň topary Makedoniýanyň Orhidw şäherinde matematika boýunça 34-nji Halkara Balkan ýaryşlarynda bäş medala mynasyp boldular. Ders bäsleşigine 19 döwletden 20 topar – jemi 116 zehinli mekdep okuwçylary gatnaşdy. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep – internatynyň 10-njy synp okuwçylary Jepbar Asgarow we Akmyrat Tirkeşow bürünç medallara, Aşgabadyň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwrenilýän 57-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Resul Mämiýew, Rahman Agamyradow we Agamyrat Begenjow hem bürünç medallara eýe boldular. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky aýratyn zehinli çagalar döwlet mekdep-internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojyýew biziň toparymyza ýolbaşçylyk etdi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow