Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda Palestinanyň Medeniýet günleri açyldy
Medeniýet
Aşgabatda Palestinanyň Medeniýet günleri açyldy
Çap edildi 03.05.2017
1758

Paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Çäräni Palestinanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli ýöredýän Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, hususan-da, Palestina bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň medeni hyzmatdaşlygy ýurtlarymyzyň netijeli hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýän möhüm ugurdyr. Bu hyzmatdaşlyk 1992-nji ýylyň baharynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri okgunly ösdürilýär. 2016-njy ýylyň noýabrynda özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm itergi berildi. Şonda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza ilkinji gezek resmi sapar bilen gelen Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas bilen gepleşikleri geçirildi. Şonda Palestinanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Ol döwletlerimiziň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň gazanylan derejesiniň beýanyna öwrüldi. Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda halklarymyza özara ýakynlaşmaga ýol açýan medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge hem uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2017-2018-nji ýyllarda ýurtlarymyzda Medeniýet günlerini geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şu günki waka döwlet Baştutanymyzyň şol başlangyjynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Aşgabat şäherine dostlukly ýurduň döredijilik işgärleri geldiler. Medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri şu günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Palestinanyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýere şu waka mynasybetli ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary ýygnandylar. Myhmanlaryň hatarynda türkmen-palestin işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Palestinanyň işewür toparlarynyň wekiliýeti bar. Dabaraly çärede bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Palestinanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan şu medeni çäre iki ýurduň dostlukly gatnaşyklaryny, özara düşünişmegini we ynamly gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Doly ygtyýarly wekil Palestinanyň Baştutanynyň türkmen halkyna şanly sene mynasybetli iberen mähirli gutlaglaryny we arzuwlaryny ýetirdi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Aşgabatda Palestinanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň türkmen-palestin gatnaşyklaryny giňeltmäge, döredijilik işgärleriniň gatnaşyklaryny ösdürmäge, halklaryň biri-biriniň taryhyna we medeniýetine özara gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam eder. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasa ýöredýän parahatçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk, döwletara medeni gatnaşyklaryny giňeltmek baradaky syýasaty üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny nusgawy sazlary hem-de ajaýyp halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirýän aýdym-sazly toparlaryň çykyşlary düzdi. Milli aýdym-saz däplerini nesilden-nesle geçirýän artistleriň ýokary ussatlygyna şowhunly el çarpyldy. Mukamlar köşgüniň eýwanynda Türkmenistanyň we Palestinanyň amaly-haşam hem-de şekillendiriş sungaty eserleriniň sergileri guraldy. Olarda däbe öwrülen halk senetleriniň eserleri: reňkleriniň hem-de suratlarynyň baýlygy bilen tapawutlanýan, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan palestin keşdeleri, sadapdan zergärçilik önümleri we zeýtun agajyndan gapyrjaklar, dürli sowgatlyklar we beýlekiler görkezildi. Türkmen sungaty gözel tebigaty, taryhy ýadygärlikleri, özboluşly däp-dessurlary şekillendiren ussat suratkeşleriň işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem bu ýerde halylar, bezeg şaý-sepleri, milli lybaslaryň nusgalary, saz gurallary görkezildi. Işleriň hatarynda ýurdumyzyň şu güni barada gürrüň berýän, Türkmenistanyň medeniýetine we sungatyna bagyşlanan, owadan bezelen neşir önümleri görkezildi. Medeni çäräniň çäklerinde “Aşgabat” kinomerkezinde häzirki zaman palestin kino sungatynyň wekilleriniň filmleri görkeziler. Palestina Döwletiniň Medeniýet günleri 5-nji maýda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde jemlener. Bu ýerde iki dostlukly ýurduň artistleriniň bilelikdäki konserti hem-de çäräniň ýapylyş dabarasy geçiriler. Döredijilik çäresiniň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlarymyz paýtagtymyzyň muzeý gymmatlyklary we beýleki gözel ýerleri bilen tanyşdyrylar.

Soňky habarlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy
24.10
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
24.10
Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
24.10
Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
top-arrow