Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda ýerasty ulag geçelgesi bolan täze halkalaýyn awtomobil ýoly açyldy
Jemgyýet
Aşgabatda ýerasty ulag geçelgesi bolan täze halkalaýyn awtomobil ýoly açyldy
Çap edildi 28.04.2017
2117

Aşgabatda şäheriň iri köp zolakly çatryklarynyň biri bolan “10 ýyl abadançylyk” şaýoly bilen N.Andalyp köçesiniň çatrygynda gurlan ýerasty ulag geçelgesi bolan halkalaýyn awtomobil ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Ýerasty geçelge şaýoluň ugry bilen uzap, ol hereketiň dowamlylygyny we daşky ýoldan gelýän awtomobil akymynyň howpsuzlygyny üpjün edýär. Bu bolsa şäheriň bu künjeginde ulag gatnawlarynyň geçirijilik ukybynyň has-da artmagyny şertlendirdi. Paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze köprüleri we köp zolakly geçelgeleri, awtomobiller we ýolagçylar üçin ýerüsti we ýerasty geçelgeleri, oňaýly duralgalary gurmak işleri batly depginlerde dowam edýär. Munuň özi paýtagtymyzyň ýollarynda awtomobiller we ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegini üpjün edip, ulag ýollarynyň köpüsinde wagtyň tygşytlanmagyny şertlendirýär.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow